Gepleşigimiziň bu sanynda bäş minudyndan peýdalanýan bir sagatlyk wagt böleginiň näme üçin 60 minutdan ybaratdygy hakynda durup geçmekçi. Pikir edip gördüňizmi? Näme üçin bir sagat ýüz däl-de, altmyş minut. Şeýle hem bir gün näme üçin 24 sagat?
Dünýämiziň öz daşyndan aýlanmagy bir gün, günüň öz daşyndan aýlanmagy bolsa bir ýyldyr. Bu birlikler galaksimiz üçin üýtgewsiz bolup, her bir planeta üçin üýtgeýär. Mysal üçin ýupiter, günüň daşyndan aýlanyşyny dünýä ölçegi bilen 4333 günde tamamlaýar. Gün we ýyl adalgalary adamyň düşünjesinden garaşsyz, kosmologik faktorlardyr.
Eýsem aýlar, hepdeler we sagatlar…? Bu wagt bölekleri adam swilizasiýasynyň açyşydyr. Ekerançylygyň ýüze çykmagy bilen oturymly durmuşa geçen adamzat, iýmek-içmek we ýaşaýyş jaý ýaly zerurlyklaryny ýeňillik bilen gidirýär. Emma asyrlaryň dowamynda Messopotamiýada we Müsürde ýaşan adamlar käte gündelik zerurlyklarynda käte bolsa diňe bilesigelijilik arkaly metamatikanyň özenini goýdular.
2300 ýyl töweregi mundan ozal antiki grekde dünýäniň daşynyň uzynlygynyň takmyn edilmegi bilen wagt ölçemekde uly öňegidişlik edilýär. Şol döwürde Wawilon swilizasiýasynyň oýlap tapan altmyşlyk sanama ulgamy giňden ýaýrandygy üçin ol çaklama netije altmyşa bölünip, şu günki giňişlik tegelekleri emele getirilýär.
Tegelegiň içki burçlary 360 gradus hökmünde hasaplanandygy üçin bir tegelekde 360 gradusa, bir ýyl 360 güne, bir sagat 60 minuda, bir minut 60 sekunda deň kabul edilýär. 60 sifri 2,3,4,5,6,10,12,15,20,30-a bölünýändigi üçin hasaplamalarda uly ýeňillik döredýär.
Häzirki döwürde metrik ulgam we wagt ölmeginde onluk ulgam has giňden ulanylýan hem bolsa, sagatlaryň 60 minut we minutlaryň 60 sekunt bolmagyna esaslanýan ulgamdyr. Adamzat taryhynda oýlanyp tapylan kalendar we sagat ulgamlary hakynda gepleşigimiziň geljekki sanlarynda maglumat bereris.