Näme sebäpden uklamazdan öň aýdym diňlemeli däl?

Näme sebäpden uklamazdan öň aýdym diňlemeli däl?

Adamlaryň aglabasy lezzet almak üçin uzakly gün we ýatmazynyň öň ýanynda aýdym diňleýär. Eger-de ukyňyzda mesele döretmejek bolsaňyz, ýatmagyňyzdan öň ony diňlemekden saklanmaly. Bu barada hi-tech.mail.ru käbir barlaglaryň netijelerine esaslanyp habar berýär.

Bir gezek Beýlor uniwersitetinden ukyny öwreniji Maýkl Skallin kellesinde galan aýdym bilen ýarygije oýanýandygyna göz ýetiripdir. Şoňa görä-de, ol aýdymyň, aýratyn-da, gapdaldan goýulýan sazyň ukynyň adaty kadasyna nädip täsir edýändigini öwrenmek isläpdir.

Alym az öwrenilýän mehanizmde ünsüni jemledi: haçan-da aýdym ýa-da saz adamyň aňynda gaýtalanyp durmagy bilen döreýän biygtyýar aýdym obrazlary.Adatça, bu hadysa adam oýa wagtynda ýüze çykýar, ýöne Skallin onuň ukynyň dowamynda-da ýüze çykyp bilýändigini öwrendi.

Aýdym uklamaga kömek etmeýär Ukynyň neýrobiologiýa barlaghanasynda 209 adamyň gatnaşmagynda geçirilen pikir soraşmalar we 50 sany meýletinçiniň endiklerini has anyk öwrenmek arkaly gyzykly maglumat ýüze çykaryldy. Gijelerine kesellesinde aýdymlar biygtyýar gaýtalanyp durýanlarda ukynyň bozulmak mümkinçiligi bu hadysa bilen ýüzbe-ýüz bolmaýan adamlaryňkydan 6 esse ýokarydyr.

Telewizora seretmek ýa-da wideo oýunlary oýnamak ýaly ukyňyza ýaramaz täsir edýän zatlaryň ýerine, Skallin ertirki gün etmeli işleriňizi kagyz bölejigine ýazmaga 5-10 minudyňyzy sarp etmegi maslahat berýär. Alymyň barlaglarynyň görkezişi ýaly, ýatmazyndan 5 minut öň ertirki meýilnamalaryny ýazýan adamlar geljek hakyndaky aladaly pikirlerden ýüküni ýeňledip, tiz uka gidýärler.

Ýene degişli makalalar

Belet Video Sport bölümine täzelenme girizdi: APL, La Liga, NHL we UFC alnyp görkezişleri ähli enjamlarda
Sungat eserine meňzeş telewizor
Gaýtadan ulanylýan elektronika
“Apple” täze önümlerini tanyşdyrýar
Samsung telewizorlaryň täze neslini hödürledi
Akkordeon ýaly telewizor