НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА, ПРЕДСЕДАТЕЛЬ ХАЛК МАСЛАХАТЫ ТУРКМЕНИСТАНА ПРИНЯЛ УЧАСТИЕ ВО ВНЕОЧЕРЕДНОМ САММИТЕ ОРГАНИЗАЦИИ ТЮРКСКИХ ГОСУДАРСТВ

НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА, ПРЕДСЕДАТЕЛЬ ХАЛК МАСЛАХАТЫ ТУРКМЕНИСТАНА ПРИНЯЛ УЧАСТИЕ ВО ВНЕОЧЕРЕДНОМ САММИТЕ ОРГАНИЗАЦИИ ТЮРКСКИХ ГОСУДАРСТВ

Şu gün, 2023-nji ýylyň 16-njy martynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz ol ýerde Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşdy.

Ankara ugramagynyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň geňeşçisi bilen söhbetdeş bolup, köp ugurlar boýunça okgunly ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dostlukly häsiýete eýedigini hem-de ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Düýn Aşgabatda ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş desgalarynyň birbada üçüsiniň düýbüniň tutulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol desgalaryň gurluşygy ýurdumyzyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşy bolan “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.” türk kompaniýasyna ynanyldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Türkiýe ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, diplomat türkmen halkynyň Milli Liderine, Halk Maslahatynyň Başlygyna saparyň we TDG-niň sammitine gatnaşmagynyň üstünlikli bolmagyny arzuw etdi. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka bolup durýar.

Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijelilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, abraýly sebit we halkara guramalaryň çäklerinde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.

Türki Döwletleriň Guramasy bilen netijeli gatnaşyklar munuň aýdyň mysallarynyň biridir.Türkmen halkyny TDG-ä agza ýurtlaryň halklary bilen asyrlaryň dowamynda emele gelen taryhy kökleriň, medeni we ruhy däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar.

Häzirki döwürde şol däpler täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin oňaýly şertleri döretdi.

Türkmenistanyň türki döwletleriň ýolbaşçylarynyň duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşýandygyny bellemek gerek. Şol duşuşyklarda uzak möhletleýin esasda guralýan we umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlyga degişli ylalaşykly çemeleşmeler işlenip taýýarlanylýar.

Hut şu maksat bilen, 2009-njy ýylda Türki geňeş döredildi.Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň 2021-nji ýylyň noýabrynda Stambulda geçirilen VIII sammitinde ol Türki Döwletleriň Guramasy diýlip atlandyryldy.

Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Türkiýe Respublikasy we Özbegistan Respublikasy onuň agzalary bolup durýar. Ýurtlaryň birnäçesi TDG-de synçy derejesine eýedir. 2021-nji ýylda bu dereje Türkmenistana hem berildi.

Munuň özi däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň täze tapgyrynyň başlanandygyny alamatlandyrdy.

Şu sammitiň gün tertibine adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we ynsanperwerlik kömegini bermek, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmakda tagallalary utgaşdyrmak, täze wehimlere garşy durmagyň çärelerini işläp taýýarlamak ulgamlarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleler, şeýle-de sebit we halkara meseleleriň möhüm ugurlary girizildi.

Ankaranyň “Esenboga” Halkara howa menziline gelende, Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy we Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Günüň birinji ýarymynda Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitiniň geçirilýän ýeri bolan Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşkler toplumyna ugrady. Toplumyň eýwanynda TDG-ä agza döwletleriň hem-de synçy ýurtlaryň wekiliýetleriniň Baştutanlaryny Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan mähirli garşylady.

Ýokary derejedäki duşuşygyň öňüsyrasynda bilelikde ýadygärlik surata düşmek dabarasy boldy.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan mejlisi açyp, özüniň giriş sözünde belent mertebeli myhmanlar bilen ýene-de bir gezek mähirli salamlaşyp we şu sammite gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirip, ähli doganlyk ýurtlara şu çylşyrymly döwürde türk halkyna beren toplumlaýyn kömekleri, goldawlary üçin hoşallyk sözlerini aýtdy.

Soňra häzirki wagtda TDG-ä başlyklyk edýän ýurduň Lideri — Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew çykyş etdi. Ol ýygnananlar bilen salamlaşyp, türki döwletleriň Türkiýäniň ýertitremeden ejir çeken durmuş-ykdysady düzümini dikeltmäge goşantlaryny goşmaga taýýardygyny tassyklady we mejlisiň gün tertibine girizilen meseleleriň örän wajypdygyna ünsi çekdi.

Sammitiň barşynda ýertitreme zerarly Türkiýe Respublikasyna berlen ynsanperwerlik kömegine bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, şu çylşyrymly döwürde TDG-ä agza we synçy ýurtlaryň doganlyk raýdaşlygyny görkezip, türk halkyna hemmetaraplaýyn ýardam berendigini bellemek gerek.

Türkmenistan özara kömek bermegiň, ynsanperwerligiň gadymdan gelýän däplerine ygrarly bolmak bilen, Türkiýedäki tebigy betbagtçylyk baradaky habara çaltlyk bilen seslendi we dostlukly ýurda ynsanperwerlik ýüklerini iberdi.Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna türkmen zenanlarynyň adyndan Türkiýe Respublikasyna tebigy betbagtçylykdan ejir çeken çagalar üçin niýetlenen ynsanperwerlik kömegi iberildi. Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan doganlyk döwlete lukmanlary we saglygy goraýyş işgärlerini ugratmak, tebigy betbagtçylygyň netijesinde ýykylan binalary söküp aýyrmakda, adamlary halas etmekde kömek bermek baradaky çözgüt kabul edildi.

Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisi Türkiýedäki ýertitremede wepat bolanlaryň hatyrasyna bir minutlyk dymyşlykdan başlandy.

Soňra sammite gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýetleriniň Baştutanlaryna söz berildi.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde çykyş edip, hut öz adyndan we türkmen halkynyň adyndan Prezident Rejep Taýyp Ärdogana sammite gatnaşmaga çakylygy hem-de uly hormaty üçin minnetdarlyk bildirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy şu günki mejlise diňe bir synçy ýurduň wekili däl-de, şol bir wagtda, Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy hökmünde gatnaşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň indiki gezek gelmegi bilen, Türkmenistanyň TDG-ä agza döwlet hökmünde kabul ediljekdigine ynam bildirildi.

Mälim bolşy ýaly, ýaňy-ýakynda, 6-njy fewralda Türkiýede tebigy betbagtçylyk bolup geçdi. Ýertitremede müňlerçe adam pida boldy.Bu betbagtçylykda şehit bolanlaryň yzy ýarasyn, ýatan ýerleri ýagty bolsun diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şikes ýetenleriň hem şypa tapyp, tizden sagalmagyny arzuw etdi we ýene-de bir gezek gynanjyny bildirdi, goldaw sözlerini beýan etdi.

Sammitiň mowzugynyň «Tebigy betbagtçylyklar: adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we ynsanperwerlik ýardamy» diýlip atlandyrylmagy hem möhüm ähmiýete eýedir. Bizde: «Söýenişen ýykylmaz» diýilýär. Şoňa görä-de, biri-birimize her tarapdan dost-doganlyk goldawyny bermeli. Başyňa düşmesin, ýöne şunuň ýaly agyr günde hemmämiz jebis bolmaly diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Biziň Garaşsyzlygymyzy ilkinji bolup goldan türk doganlarymyz boldy diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi. Şondan bäri bilelikde ençeme işleri bitirdik. Syýasatda, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda uly sepgitlere ýetdik. Ýurdumyzyň iki gezek ykrar edilen Bitaraplygyny hem türk doganlarymyz ilkinji bolup goldady.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, 2000-nji ýyldan bäri ýurdumyzda türkiýeli işewürleriň gatnaşmagynda bahasy 110 milliard 382 million 53 müň amerikan dollaryna deň bolan taslamalar we işler ýerine ýetirildi.

Dek düýnüň özünde-de Aşgabatda bahasy 1,5 milliard amerikan dollaryna golaý üç sany durmuş ähmiýetli binanyň düýbi tutuldy.Bu gurluşyklary amala aşyrmagy hem türk işewürlerine tabşyrdyk. Şunuň bilen baglylykda, mundan beýläk-de şunuň ýaly işleriň türk işewürlerine ynanyljakdygy nygtaldy.

Muny maddy kömek diýip kabul etseňizem, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň binýady diýip kabul etseňizem bolar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz Prezident Rejep Taýyp Ärdogana ýüzlenip we iri taslamalar barada aýdyp, eger-de biz, ýagny türki döwletler bolup kada-kanunlarymyzy berkitsek, onda diwersifikasiýa syýasaty bilen türkmen ýylylygyny türk doganlarymyzyň her biriniň ojagyna ýetirip bileris diýip belledi. Türkmenistan, ilkinji nobatda, türkmen gazyny Türkiýä ibermek baradaky meselä şu gün seretmäge taýýardyr.

Bu diňe uglewodorod serişdeleri barada. Indi energetika meselesi hakynda aýdanymda, gerek bolsa, gaz turbasynyň gapdaly bilen elektrik toguny hem geçireris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň bilelikdäki giň gerimli taslamalaryň köpüsini durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Gahryman Arkadagymyz sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan ýurtlaryň seýsmiki zolaklarda ýerleşýändigini, munuň bolsa wagtal-wagtal ýer yranma hadysasynyň ýüze çykmagyna getirýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, seýsmiki howpsuzlygy üpjün etmek boýunça hereketleri utgaşdyrmak örän möhümdir. Şu maksat bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň çäklerinde seýsmologiýanyň, häzirki zaman geodinamikanyň we geofizikanyň binýatlyk meseleleri babatda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdyp, indiki ýyl akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň uly toýunyň — 300 ýyllygynyň belleniljekdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde 2024-nji ýylyň “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” hem-de Türkmenistanyň gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip ykrar edilendigini nygtamak bolar.

Pursatdan peýdalanyp, Halk Maslahatynyň Başlygy sammite gatnaşyjy ýurtlaryň ýolbaşçylaryna bu ugurda beren goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Nesip bolsa, Türkmenistan indi synçy hökmünde däl-de, TDG-ä hakyky agza hökmünde gatnaşjakdygyna ynam bildirýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen indi 22 ýyl bäri ýakyndan tanyşdygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň adyndan türk Liderine şu ýyllaryň içinde Türkmenistana beren goldawy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkiýe Respublikasynyň Baştutany Rejep Taýyp Ärdogan görnükli şahsyýet we dünýä derejeli syýasy işgär bolup durýar.Ol diňe bir öz halkynyň däl, ähli musulman halklarynyň parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda hem uly işleri alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurduň Lideriniň tutuş sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, halkara gatnaşyklarda özara düşünişmegi, raýdaşlygy berkitmek barada uly tagallalary edýändigi bellenildi.

Şuny göz öňünde tutup, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlemek teklip edilýär.Biz bu ugurdaky teklipleriň ählisini doly goldaýarys.Ol bu halkara baýraga mynasyp ýolbaşçydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Rejep Taýyp Ärdogan ХХI asyrda yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň arasynda ilkinji bolup bu ýokary baýraga mynasyp şahsyýet hökmünde taryhyň altyn sahypalaryna ýazylsa, maksadalaýyk bolardy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny dowam edip, Türkiýede bolan tebigy betbagtçylyk zerarly ýene-de bir gezek gynanjyny bildirdi. “Gudraty Güýçli Allatagala hemmämizi öz penasynda aman saklap, hemişe gorasyn!” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Milli Liderimiz geljek hepdede belleniljek Nowruz baýramy hem-de mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen bagly meselä degip geçip, düýn Aşgabatdaky metjitleriň birinde türk doganlarymyz bilen bilelikde dünýäde abadançylygyň we parahatçylygyň bolmagy üçin doga-dilegleriň edilendigini belledi. “Goý, şeýle bela-beter, tebigy betbagtçylyk adamzadyň başyna hiç wagt gelmesin!” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Çykyşynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogana ýene-de bir gezek alyp barýan döwlet işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri, ähli doganlyk türk halkyna bolsa abadançylyk we bagtyýar durmuş arzuw etdi.

Soňra sammite gatnaşyjy ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygynyň hem-de guramanyň Baş sekretarynyň çykyşlary diňlenildi.

TDG-niň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym öz çykyşynda şu günki mejlise türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşýandygyny belläp, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň pugtalandyrylmagyna, sebit we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam edýän oňyn syýasaty üçin Türkmenistanyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň — Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasynyň bu döredijilikli strategiýany durmuşa geçirmäge saldamly goşandy nygtaldy.

Sammitiň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşyklary boldy.

Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz Ankaranyň Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Prezidentini Respublika güni bilen gutlady
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ MILLI GORANMAK MINISTRINI KABUL ETDI
27-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutladylar
Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutlady
Ärdogan türkmen gazynyň Ýewropa Bileleşigine eltiljek möhleti barada gürrüň berdi
Mirziýoýew Türkiýä sapar bilen barar