НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА, ПРЕДСЕДАТЕЛЬ ХАЛК МАСЛАХАТЫ ТУРКМЕНИСТАНА ОТБЫЛ НА СВЯЩЕННУЮ ЗЕМЛЮ МЕККИ

НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА, ПРЕДСЕДАТЕЛЬ ХАЛК МАСЛАХАТЫ ТУРКМЕНИСТАНА ОТБЫЛ НА СВЯЩЕННУЮ ЗЕМЛЮ МЕККИ

Şu gün, 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow haj parzynyň däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna sapar bilen ugrady.

Gahryman Arkadagymyz sapara ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili bilen söhbetdeş boldy.

Diplomat, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzy Gurban baýramy hem-de Arkadag şäheriniň açylyşy bilen mähirli gutlady we saparynyň şowly bolmagyny arzuw etdi. Şeýle-de ol Arkadagymyzyň zyýaratlarynyň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.

Milli Liderimiz hoşniýetli arzuw-dilegler we gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Saud Arabystany Patyşalygynyň Mekge şäherine guralan sapara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň gidýändigini belledi.

Munuň özi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geriminiň dürli ugurlar boýunça giňelýändiginiň nobatdaky beýanydyr.Gahryman Arkadagymyz bu gezekki saparyň iki ýurduň halklarynyň milli gymmatlyklara we dünýä nusgalyk däp-dessurlara aýratyn sarpa goýýandygyny, asylly ýörelgeleriň dowamata atarylýandygyny görkezýändigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherine tarap rowana boldy.

Ýolugra uçar Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan giň möçberli dabaralaryň ýokarsyndan uçup geçdi. Hemmeler hajy Arkadagymyzyň zyýaratynyň kabul bolmagyny dileg etdiler.

Birnäçe wagtdan soňra, Gahryman Arkadagymyzyň uçary Jidda şäheriniň Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Milli Liderimizi Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäheriniň häkimi Şazada Saud bin Abdullah bin Jalawi Al Saud hem-de beýleki resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz Saud Arabystany Patyşalygynyň resmi wekili bilen çaý başynda söhbet etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda dostlukly ýurduň resmi wekili Arkadagymyzy hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalaryny keramatly toprakda görýändigine örän şatdygyny nygtady we mukaddes Gurban baýramy bilen mübärekläp, zyýaratlaryň, beriljek sadakalaryň kabul bolmagyny Beýik Biribardan dileg etdi.

Gahryman Arkadagymyz iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny öz içine alýandygyny kanagatlanma bilen belledi we onuň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn hem-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystanyna iş sapary tamamlandy
Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşyk geçirdi
Sebitara hyzmatdaşlygyň täze ugurlary öňe sürüldi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitindäki çykyşy
Türkmenhowaýollarynyň uçary Jiddada garşylandy
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Saud Arabystany Patyşalygyna bardy