Naboýçenko tälimçilik ýoluny Tobolda dowam etdirer

Naboýçenko tälimçilik ýoluny Tobolda dowam etdirer

Tobol futbol toparynyň derwezeçileriniň tälimçisi Ýewgeniý Naboýçenko klubdaky işini täze baş tälimçi, serbiýaly hünärmen Miliç Çurçiçiň ýolbaşçylygynda hem dowam etdirer. Bu barada gazak toparynyň resmi web saýty habar berýär.

Klubyň şu aýyň başynda Çurçiçiň futbol toparynyň baş tälimçisi wezipesine getirilendigini habar beripdi. Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ozalky derwezeçisi Naboýçenko bolsa bu toparda 2018-nji ýyldan bäri işläp gelýär.

1970-nji ýylda Aşgabatda doglan Ýewgeniý Naboýçenko Aşgabadyň Köpetdag, Gazagystanyň Kaýrat, Megasport we Astana toparlarynyň köýnekçelerini geýdi. Şeýle hem 1997 ― 2004-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynda çykyş etdi.

Sergeý Naboýçenko tälimçi hökmünde Gazagystanyň Astana we Aktobe toparlarynda hem işledi.

Ýene degişli makalalar

Gyrgyz intellektuallaryndan Kasym Tynystanow
Gurban Berdiýew Eýranyň Traktor klubuna tälimçi bellenilip bilner
Özbegistan Türkmenistanyň çäginde awtomobil ýük daşamalaryny gaýtadan dikeltdi, Aşgabatda Rus diliniň güni bellenildi, Gurban Berdiýew Kaýratyň baş tälimçisi wezipesini terk etdi we beýleki habarlar
Gurban Berdiýew Kaýratyň baş tälimçisi wezipesinden aýryldy
Gurban Berdiýew “Kaýratyň” tälimçiligini taşlady
Kaýrat Şahtýory ýeňip, alty duşuşyklyk şowsuzlygyň soňuna çykdy