Mylaýym hem täsin jandarlar hökmünde tanalýan alpakalaryň (latynça ady Vicugna pacos) watany Günorta Amerikanyň belent dag gerişleri bolup, ol ýerde takmynan 3 million töweregi alpaka hasaba alyndy.
Goşatoýnakly bu jandarlaryň köpüsi Perunyň çäginde, az sany bolsa Ekwadorda, Çilide, Boliwiýanyň günbatarynda ýaşaýar.Maglumatlara görä, mundan 6000 ýyl ozal Peruda ýaşaýan hindiler tarapyndan alpaklar ösdürilip ýetişdirilipdir. 1553-nji ýylda olar hakdaky ilkinji maglumatlar Siesa de Leonyň “Perunyň ýyl ýazgysy” atly kitabynda berilýär.
Alpakalar düýeler maşgalasynyň bir görnüşidir.Ilkibaşda bu jandarlar lamalara degişli edilip, soňra aýratyn görnüşe girizildi.Olaryň lamalar bilen çaknyşdyrylyp alnan nesillerine “uariso” (ispan dilinde “huarizo”) diýilýär.Agramy takmynan 70 kg, boýy 80-110 sm barabar bolan bu täsin jandarlar özüni asuda hem-de mylaýym alyp barýarlar.
Bu bolsa olaryň iň bir özüne çekiji tarapydyr.Olaryň ys alyjylygy hem örän güýçlüdir.Tebigatda olaryň iki görnüşi Suri hem-de Uakaýa görnüşi duşýar.Bu jandarlar, esasan, ýüňi üçin ösdürilýär.
Olaryň sütügi inçeligine görä toparlara bölünýär: Şa alpakalaryň ýüňüniň diametri 19 mikron, çaga alpakalaryňky 22,5 mikron, uly ýaşlylarynyňky bolsa 32 mikrona deň.Olaryň sütügi örän ýyly hem-de ýumşaklygy bilen tapawutlanýar. Şeýle-de olaryň sütügi örän berk bolup, ýag saklamaýar. Şol sebäpli-de ondan öndürilen önümler uzak wagtlap hapalanmaýar.
Kiçi ýaşly alpakalaryň ýüňi ýerini çalşyp bolmajak aýratynlygy bilen tapawutlanýar.Ol goýun ýüňünden hem ýedi esse ýylydyr, suw geçirmeýär we allergik täsiri hem düýbünden ýokdur.Umuman aýdylanda, mylaýym alpakalar janly tebigatyň özboluşly bezegidir.
Oguljeren Hudaýnazarowa,Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby