Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlarynyň netijesinde ýurdumyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenip, toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar.Halkymyzyň döredijilik ruhunyň beýany bolup, jemgyýetçilik durmuşymyza özboluşly öwüşgin çaýýan baýramlarymyzyň biri hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günüdir.
Gadymy türkmen topragyny uly dabaralara besleýän bu baýramyň joşguny milletimiziň mizemez agzybirliginiň we Magtymguly Pyragynyň amala aşan arzuwynyň nyşany bolup, dünýä ýaň salýar.
Diýarymyzyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilmegi, onuň çäklerinde-de medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi milli medeniýetimizi giňden ösdürmäge mümkinçilik berýär.
Medeniýet edep-ekramlylygy, sowatlylygy, çuňňur düşünjeliligi öz içine alýar.Medeniýet işgärleri halka ruhy lezzet, ruhubelentlik gözellik paýlaýar.Biziň milli medeniýetimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has pajarlap ösýär. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda medeniýet hepdeliginiň paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilmegi we onuň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Muzeýlerde gurnalan sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň muzeý işini ösdürmekdäki ähmiýeti” atly muzeý hünärmenleriniň iş maslahaty hem-de muzeý gymmatlyklaryny rejelemek işini kämilleşdirmekde dünýä tejribesini öwrenmek boýunça usulyýet okuwlary geçirildi.
Maslahatda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Töre Nobatow, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ysmaýyl Orazow, Lebap welaýatynyň Taryh we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Gülbahar Ýangibaýewa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Watan mukaddesligi” muzeýiniň direktorynyň w.w.ý.ý Maksat Kerimow, “Gökdepe” Milli muzeýiniň direktory Merdan Hydyrow, Balkan welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Azatgül Hojaberdiýewa, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Allanazar Garajanow dagylar çykyş etdiler. Şeýle-de Döwlet muzeýinde muzeý gymmatlyklaryndan, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinden sergi gurnaldy.
Sergi hormatly Prezidentimiziň medeniýet we sungat barada aýdan parasatly sözleri bilen açylýar.Bu sergide muzeýiň gaznalarynda saklanýan medeniýete we sungata degişli gadymy fotosuratlar, milli saz gurallary, halypa suratkeşler Y.Gylyjowyň, A.Hajyýewiň, Ş.Akmuhammedowyň, W.Maýkowskiniň ajaýyp nakgaş eserleri, ussat heýkeltaraşlar bolan J.Jumadurdynyň, S.Babaýewiň heýkel eserleri aýratyn orun alýar.
Mundan başga-da Döwlet muzeýiň suratkeş işgärleriniň nakgaş eserleri serginiň görnükli ýerinde ýerleşdirildi. Şeýle-de amaly-haşam sungatynyň eserleri, owadan şaý-sepler, saz gurallary, türkmenleriň däp bolan durmuş esbaplary giňden görkezilýär hem-de zergärçilik önümleriniň gadymy nusgalary sergä aýratyn gözellik berýär.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hala çitilen portret eserleri serginiň görnükli ýerinde görkezilýär.