Muzeýler we Taryhy Ýerler Baýram Dyn Alyşynda Syýahatçylaryň Ünsüni Özüne Çekdi

Muzeýler we Taryhy Ýerler Baýram Dyn Alyşynda Syýahatçylaryň Ünsüni Özüne Çekdi

Türkiýäniň taryhy we medeni mirasyny öz içine alýan muzeýlere we taryhy ýerlere 9 günlük Gurban baýramy dynç alyşynda iýun aýynyň 15-23-i aralygynda 1 million 111 müň 957 adam baryp gördi.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginden berlen beýannama görä, baýram dynç alyşynda muzeýlere we taryhy ýerlere baryp görenleriň sany artdy.

Iýun aýynyň 15-23-i aralygynda 1 million 111 müň 957 adam muzeýlere we taryhy ýerlerde baryp gördi.

Baýram dynç alyşynda 129 müň 987 adam Izmir Efese, 111 müň 27 adam Hierapolise, 36 müň 661 adam hem Kappadokiýada Göremä baryp gördi.

Iýun aýynyň 15-23-i aralygynda Antalýada Olimposa 32 müň 540, Stambulyň simwoly Galata minarasyna 30 müň 483, Newşehir Paşabaglaryna 29 müň 788, Trabzondaky Sümela manastyryna 28 müň 528, Antalýadaky Patara 28 müň 497, Göbeklidepä 27 müň 736 we Antalýanyň Phaselise hem 27 müň 45 adam baryp gördi.

Ýene degişli makalalar

Ýewgeniý Grinko, Türkiyede ýaňadandan konsert turuna çykar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk Awiasiýa Guramasy Türkmenistan Bilen Hyzmatdaşlygyny Ösdürýär
Antalýa 7 Aýda 9 Million 58 Müň Syýahatçy Geldi
"Turkmen.news": Ruslan Mätiýew, Aşgabadyň talaby bilen, Türkiýä goýberilmedi
Türk metrbugatynyň gysgaça mazmuny