Türkmenistanyň we Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň birnäçesinde habar berlişi ýaly, geçen hepdede Sankt-Peterburgyň wekilçilikli wekilýetiniň hatarynda ýurdumyza gelen Halkara türkmen-rus arheologik toparynyň ýolbaşçysy, RYA-nyň Maddy medeniýet taryhy institutynyň direktorynyň orunbasary Natalýa Solowýowa Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine geçen asyryň segseninji ýyllarynyň başynda Balkan welaýatyndaky Parhaýdepede tapylan, ýaşy dört müň ýyldan gowrak keramiki sadaka gabynyň 3D-modelini sowgat berdi.
Şol ýyllar biz umumy bir ýurduň bir bölegidik, şonuň üçinem indi Garaşsyz döwletler bolan soýuz respublikalaryndan tapylan zatlar tutuş döwlet boýunça gözleg-agtaryş işlerini geçirýän we olary maliýeleşdirýän esasy ylmy institutlaryň ýerleşýän ýeri Moskwa we Leningrada äkidilerdi.
Russiýanyň häzirki kanunlary gadymy artefaktlary yzyna gaýtaryp almaga rugsat bermeýär, şonuň üçinem Sankt-Peterburgda oňşukly ýagdaý tapdylar: Aşgabadyň muzeýine häzirki Türkmenistanyň ýerinden tapylan iň gadymy arheologik tapyndynyň üç ölçegli nusgasyny peşgeş bermeli diýen netijä geldiler.
Iň täze sanly tehnologiýa arkaly polimer materialdan taýýarlanan sadaka gabynyň nusgasy iň owunjak sypatlaryan çenli asyl nusga kybap gelýär. Ýeke tapawudy nusgasy asyl nusgadan ep-esli ýeňildir.
Baryp XIX asyrda gündogar kolleksiýalaryny esasan bazarlardan we Aziýa hem-de Afrika ýurtlarynda korrupsiýanyň hasabyna edinen Ýewropa muzeýlerinden tapawutlylykda Orta Aziýadan tapylan artefaktlar Russiýanyň ylmy institutlarynyň gorlarynda kanuny taýdan alnyp galyndy.
Olary sowet ekspedisiýalary tapypdylar we hiç haçan döwletiň çäginden daşary çykarmandylar. Ýöne ýurt dargady, olaram daşary ýurtda galdy, hiç ýere-de geçirilmedi ozalkysy ýaly, häli-häzirem ylmy institutlaryň gaznasynda ýatyr.
Ine, şeýle deňi-taýy bolmadyk, üýtgeşik ýagdaý, gynansagam, häzire çenli tapyndylary alnan ýurduna gaýtyaryp bermek barada hukuk guraly işlenilip düzülmedi.
Şeýle bolsa-da, sanlaşdyrma ulgamyndaky täze üstünlikler bu meseläni belli bir derejede çözmäge mümkinçilik berýär.Häzirki wagtda dünýäniň iri muzeýleriniň ählisi diýen ýaly öz hazynalary boýunça ummasyz maglumatlar bankyny döredýärler, indi muzeýleriň web-saýtynda olaryň eksponatlarynyň üç ölçegli nusgalary elýeterli boldy.
Internetden peýdalanyp bilýän her bir adam Sankt-Peterburgyň Ermitažy, Britan muzeýi, Parižiň Luwry ýa-da Nýu-Ýorkuň Metropoliten muzeýi ýaly belli medeni we ylym merkezleriniň muzeýlerine wirtual syn edip bilýär.
Bu ugurdan işler Türkmenistanyň muzeýlerinde hem alnyp barylýar.Parhaý sadaka gaby ýaly 3D-printerde çap edilen, daşyndan seretseň asyl nusgasyndan tapawutlanmaýan artefakt nusgalary has-da täsirli görünýär.
Natalýa Fýodorowna Solowýowa ýörüte Türkmenistan: Altyn asyr saýty üçin bu sowgadyň taryhy gymmaty barada gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, häzirki wagtda arheologiýa iň öňdebaryjy tehnologiýalardan peýdalanýar, 3D-modelirlemek munuň anyk mysalydyr. RYA-nyň Maddy medeniýet taryhy instituty häzir bu ulgamda esasy edaradyr. Sankt-Peterburgly alymlaryň döreden Siriýa Palmirasynyň dünýäde ýeke-täk nusgasy munuň anyk subutnamasydyr diýip alym belledi.
Parhaý ençeme ýyllap tanymal arheologymyz, taryh ylymlarynyň doktory Igor Nikolaýewiç Hlopiniň gazuw-agtaryş işlerini geçirmegi netijesinde ylmy jemgyýetçilikde giňden belli boldy diýip N.F.Solowýowa belledi.Magtymguly şäheriniň (ozalky Garrygala şäherçesiniň) günbatar çetinde, Sumbar derýasynyň jülgesindäki Parhaý gonamçylygy arheologiýa Parhaý I we II atlary bilen giren bürünç eýýamyna degişli saganalaryň ikisinden ybaratdyr.
Olar miladydan öňki III müňýyllygyň ortasynda we ikinji ýarymynda ulanylyp, irki hem-de ösen bürünç eýýamyna hem degip, şu sebitde eneolit we giçki bürünç eýýamlarynyň arasyndaky boşlugy doldurýarlar. Şeýle üýtgeşik binanyň tapylmagy we bu barada maglumatlaryň neşir edilmegi ylmy dolanşyga ummasyz hem-de köp babatda täze material girizmäge mümkinçilik berdi, ol miladydan öňki IV-II müňýyllyklaryň dowamynda Günorta-Günbatar Türkmenistanyň medeniýetiniň ösüş mesleleriniň ençemesini çözmäge golaýlaşdyrdy.
Mazar içi bölekleriň açylmagy bu gadymy nekropolyň üýtgeşik we belli bir wagta degişli bolmadyk ýadygärlikdigini görkezdi.Onda çärýek asyra gölaý wagt barlag işlerini geçiren Igor Nikolaýewiç Hlopin bu sebitiň ilatynyň iň gadymy taryhynyň esasy döwürlerini kesgitlemäge mümkinçilik beren netijelere geldi.
Parhaýda gubura salynan dürli zatlary, şol sanda çal-gara gaplary seljerip, ol Orta Aziýanyň günortasyndaky beýleki ýadygärliklerden şeýle keramikanyň tapylmandygyny nygtady.Ol sypatlaryň ençemesi boýunça bu ýeriň ilatynyň ilkidurmuş ýaşaýşyndan (ir-iýmiş ýygmakdan we aw etmekden) Köpetdagyň demirgazyk dag etek düzlüginiň ilaty bilen bir wagtda önüm öndürýän hojalyga geçendigini anyklady. Şeýle hem, taryhy-medeni sebitleriň ikisiniňem ilaty bir-birine ýakyn bolupdyr, muny olaryň keramika önümleriniň meňzeşligi hem görkezýär.
Hlopiniň pikirine görä, şeýle ir döwre mahsus bu ýagdaý olaryň diliniň hem bir bolandygyna şaýatlyk edip biler.Bu sebitleriň medeniýet babatda aýrybaşgalygy soňrak, Köpetdag etegindäki jülgelerde gap-gaçlara köpreňkli surat salmak ýaýrandan, Sumbar we Etrek jülgelerinde bolsa toýun keramika önümleri çykarmaklyga geçilenden soň bolup geçýär.
Emma soňra Girkan (gadymy grek awtorlary bu ýerleri şeýle atlandyrypdyrlar) Orta Aziýa sähralaryna kem-kemden köpçülikleýin ýaýrap başlaýar, soň, ösen bürünç eýýamynda bolsa ol ählumumy häsiýete eýe bolupdyr.Hlopiniň pikirine görä, hut şol döwürde Ýewraziýanyň häzirki halklarynyň köpüsiniň esasy goýlupdyr.
Parhaýyň mazar içi böleklerinden abat we bölek sadaka gaplarynyň 21-si tapyldy, özi-de olaryň 17-si abatdy.Olar düýpgöter özboluşlydyr we Orta Aziýanyň hem-de Alynky Aziýanyň ilkidurmuş medeniýeti ýadygärlikleriniň arasynda şolara meňzeşi gabat gelmeýär.
Sowgatlyk nusgamyz üçin iň çeper sadaka gabyny saýlap aldyk diýip N.F.Solowýowa belledi.Olaryň ählisi dört aýakly dörtburç gaplardyr.Onuň diwarjyklarynda okarajyklar we gaty meňzedilip ýasalan öküzleriň ýa-da goçlaryň kellesiniň heýkeli salnypdyr.
Mundan başga-da, haýwanlaryň gaba ýelmenen şekilleri we Gün bilen baglanşykly nyşanlar gabyň daşyna salnypdyr.
Ilkinji sadaka gaby tapylan dessine arheologlarda onuň näme üçin ulanylandygy barada sowal ýüze çykdy.Onuň gündelik durmuşda ulanmak üçin däl-de, Parhaýyň ilatynyň dini we tagzym eden zatlary bilen baglanşykly bolandygy düşnüklidi.
I.N.Hlopiniň aradan çykandan soň (alym 1994-nji ýylda ýogaldy) çap edilen kitabynda bu syrly gaplardaky nyşanlara takyk garalýar.Alym olar gadymy ekarançylyk senenamasy boýunça Täze ýylyň gelmegi we ýazky işleriň başlanmagy bilen baglanşykly sadaka berlende ulanylýan gap bolupdyr diýen netijä gelipdi.
Başgaça aýdylanda, täze ýylda bol hasyl dilenilýän şol dessurlaryň esasy mazmuny bolmagy mümkin. Ýöne ol diňe çaklamalaryň biridir.Parhaý sadaka gaplary, gürrüňsiz, ýene-de alymlaryň üns merkezinde bolar.
Şu ýyl Sankt-Peterburgda I.N.Hlopiniň doglan gününiň 90 ýyllygyna we onuň kärdeşi, Gündogary öwrenji başga bir tanymal arheolog, ylmy barlaglary Türkmenistan bilen ýakyn baglanşykly Anatoliý Maksimilianowiç Mandelştamyň doglan gününiň 100 ýyllygna bagyşlanyp Merkezi Aziýanyň we Orta Gündogaryň gadymy hem-de orta asyr medeniýetleri (urbanizirlenen we maldarçylyk jemgyýetleriniň kemala gelmegi, ösüşi we özara gatnaşyklary) atly Halkara ylmy maslahaty geçiriler.