Muzeýde ýurdumyzyň Bitaraplyk baýramy mynasybetli sergi guraldy

Muzeýde ýurdumyzyň Bitaraplyk baýramy mynasybetli sergi guraldy

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýllyk baýramynyň öňüsyrasynda Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmenistanly hem-de daşary ýurtly nakgaşlaryň žiwopis we keramika işleriniň sergisi açyldy. Muzeýiň işgärleri şeýle bilelikdäki çäräni ýurdumyzyň Bitaraplygynyň halkara derejeisini nygtamak üçin ýörüte taýýarladylar.

Merdan Kakabaýewiň Ak bugdaý we Aleksandr Saurowyň Aýdym we pagta atly suratlarynyň gapdalynda tanymal ermeni nakgaşy Martiros Sarýanyň Ermenistan suraty goýlupdyr. Ýiti Güneş şöhleli we mele-myssyk nanly türkmen özboluşlylygy ermeni medeniýetiniň üýtgeşik manzaryny mähirli kabul etdi.

Halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň ýylsaýyn berkeýändigini, oňa Türkmenistanda we Ermenistanda geçiriýän Medeniýet günleriniň ýardam edýändigini bellemek gerek.Wekilýetimiziň soňky saparynda Şekillendiriş sungaty muzeýine gymmatly sowgatlar gowşuryldy, olaryň arasynda Ermenistan suraty, şeýle hem ýantar zerrejiklerinden ýasalan Güýz suraty bar.

Türkmenistanyň halk nakgaşy Maral Ataýewanyň, şeýle hem Çaryýar Durdyýewiň we Tair Ibragimowyň üýtgeşik gaplarydyr wazalary baýramçylyk sergisine bezeg berdi. Özboluşly küýze we Hytaý emeldarlarynyň heýkeljikleri dürli žanrly keramika stilistikasyna sazlaşykly utgaşdy. Olar hem hytaýly nakgaşlaryň Şekillendiriş muzeýine sowgadydyr.

Watan gözelliginiň, onda ýaşaýan adamlaryň waspyny ýetirýän suratlardan Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Saparmämmet Meredowyň Halypalaryň halypasy arly suraty ünsüňi özüne çekýär. Onda dutar çalýan üç sazanda şekillendirilipdir. Olar kim, olaryň haýsysy halypalaryň halypasy? Biz suratyň awtoryna şeýle sowal bilen ýüz tutduk.

− Ortada oturan Garadäli Gökleň halypa, onuň sagyndaky Şükür bagşy, çep tarapyndaky Amangeldi Gönibek diýip Saparmämmet Meredowiç düşündirýär.Men Garrygalada iş saparynda bolanymda ussat üç sazanda temasy barada pikir etdim. Ýerli adamlar birwagtlar olaryň topragynda tanymal we eli çeper Garadäli Gökleňiň ýaşap geçendigini gürrüň berdiler.

Onuň sungaty barada habar ilimiziň çar künjüne ýaýrapdyr, dürli ýerden sazandalar onuň bilen tanyşmak we ondan kär öwrenmek üçin Garrygala gelipdirler.Olaryň arasynda Şükür bagşy we Amangeldi Gönübek ýaly ussatlaram bar eken.

Dessine olary bir ýerde şekillendirmek pikiri döredi. Ýöne ol ýeňil iş däldi.Sebäbi 1831-nji ýylda doglan we 100 ýaşan Şükür bagşy siwilizasiýanyň surata düşürmek döwrüne çenli ýaşapdyr. Şol döwürde türkmenleriň arasynda portret žiwopisi bolmansoň, beýleki sazandalaryň ýüz keşbi belli däldi.Ýöne sazandalary bir ýerde şekillendirmek höwesi şeýle bir güýçlidi welin, men kanonik portretleriň ikisini döretmegi niýet edindim.

Onsoň men nakgaşdan antropologa öwrüldim.Olaryň daşgyn garyndaşlaryny tapdym, sazandalaryň antropologik ýüz keşbini orignala has golaý etjek bolup, olaryň eskizleriniň ençemesini kagyz ýüzünde geçirdim.

Şükür bagşy we Amangeldi Gönübek ýaly tanymal sazandalar barada maglumat Prezidentimiziň Ile döwlet geler bolsa... atly kitabyna hem grizilipdir.

2016-njy ýylda Gökdepäniň medeniýet öýünde Gökdepe galasyny goraýjylara, hususan-da Amangeldi Gönübege bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi, çünki ol diňe bir ussat sazanda bolman, eýsem gaýduwsyz esgerem ekeni. Amangeldi Gönübek Şükür bagşydan bir ýaş uly eken, ýöne ellem ýaşaman, 1879-njy ýylda ýogalypdyr.

Şol döwre men Amangeldi Gönübegiň aýratyn suratyny çekipdim, ony Gökdepe muzeýine peşgeş berdim.

Biz bu surat barada gyzykly zatlaryň ençemesini eşidemizsoň onuň gahrymanlarynyň asyllylygyna, zehinine we batyrgaýlygyna haýran galyp, oňa üýtgeşik nukdaý-nazardan garap ugradyk. Şol bir wagtda suratyň ýurdumyzyň Bitaraplyk baýramyna bagyşlanan sergide goýlandygyna begendik. Çünki Bitaraplyk munuň özi Ýer ýüzündäki her bir döwletiň parahatçylyga we özygtyýarlyga tarap ýoludyr.

Ýene degişli makalalar

15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Daniýaly ýyldyz futbolçy Kristian Eriksen baradaky soňky habarlar
“Bawariýanyň” täze tälimçisi belli boldy
Türkiýeden getirilen bir zenan COVID-19 sebäpli ýogaldy
Umarowlaryň döredijilik maşgalasy filosofiýa, maýyl edijilik, özboluşlylyk
“Üç Maradona güni”