Muzeý estetiki gurşawly hem-de maşgala bolup dynç alynmaly ýerdir

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinden artefaktlaryň 24-si Germaniýada göçme sergide görkezilýär, olaryň arasynda iki örküçli düýe we ýürek şekilli kümüş hem-de bürünç iňňebagjyklar, antropomorf heýkeljikler, daş güldanlar we gaplar, şeýle hem tumarlar we möhürler bar.

Gamburgyň ýaşaýjylary bu ýerdäki Arheologiýa muzeýinde 1-nji noýabrda açyljak “Margiana Türkmenistanyň territoriýasyndaky bürünç eýýamynyň şalygy” sergide taryhy-medeni raritetler bilen tanşarlar. Şol özboluşly zatlar Marguşda geçirilen arheologiýa gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapyldy, hünärmenler olar miladydan öňki II müňýyllykda ýasalan hasaplaýarlar.

Birleşen göçme sergide ýurdumyzyň müzeýleriniň üçüsinden Döwlet, Mary welaýatynyň Taryhy-ülkäni öwreniş we Şekillendiriş sungaty müzeýlerinden alnan seýrek duşýan zatlaryň 220-ä golaýy bar.

Soňky döwürde halkara çäreleri meşhurlyga eýe bolýar.Muzeýimizde görkezilen ”Italiýa.Arheologiýa.Hytaý” tematiki sergisi şolaryň biridir.Ol ýurdumyz üçinem, muzeýimiz üçinem abraýdyr. Öz gezeginde, tomaşaçylarymyzda beýleki ýurtlaryň şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleri bilen tanyşdyrýan tematiki göçme sergilere tomaşa etmäge mümkinçilik döreýär.

Italiýaly nakgaş Mikelanjelo Karawajonyň suratlarynyň fotoreproduksiýasynyň sergisiniň hem üstünlikli geçendigini aýtmak gerek diýip, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Sapamämmet Meredow gürrüň berýär.

-Aşgabatlylarda we paýtagtymyzyň myhmanlarynda uly gyzyklanma döreden hytaý nagyşlarynyň sergisi ýadymda galypdyr. Ondan täsirlenen adamlar çeper elli keşdeçileriň ýüpek sapaklaryň ýüzlerçe öwüşgininden döreden ajaýyp nagyşlaryna syn etmek üçin ertesi öz tanyşlaryny alyp gelýärdiler. Olaram müzeýe öz tanyşlaryny getirýärdiler...

-Hytaýlylaryň çaý içmek däbini aýtsaňyzlaň! Serginň guramaçylary asyrlarboýy kemala gelen gadymy däbi folklor çykyşlary bilen utgaşdyrypdylar.

- Aşgabatlylara we paýtagtyň myhmanlaryna şol we beýleki ýatdan çykmajak pursatlary Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi peşgeş beripdi. Onuň magaryfçylyk işi barada-da gürrüň beräýseňiz.

- Muzeýimiziň stilistik nepisligi bilen gözüňi dokundyrýan binasy 13 ýyl mundan ozal sergi işinde we žiwopis hem-de amaly-haşam sungatynyň özboluşly nusgalaryny saklamak ulgamynda dünýäde gazanylanlar göz öňünde tutulyp guruldy. Şondan bäri muzeýiň gory, özem diňe peşgeş berlen zatlaryň hasabyna iki esse köpelip, häzir olaryň sany 16,5 müňe ýetdi.

Galyberse-de, Iwan Aýwazowskiniň dört eseri, Martiros Sarýanyň dört suraty, Pýotr Konçalowskiniň “Siren”, Aleksandr Laktionowyň “Frontdan gelen hat”, Kuzma Petrow-Wodkiniň “Uklap ýatan çagajyk”, Konstantin Korowiniň “Arabakeş” suratlary we başga-da ençeme eserler ýaly gymmatly eksponatlar her bir muzeýe ýetdirip durmaýar.

Aýratyn gymmatly, dogrusy, bibaha eksponatlar şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşleri -farfor önümleri, mebeller, heýkeller bar. Sankt-Peterburgyň farfor zawodynda ХVIII asyrda ýasalan zatlara başgaça baha berip-de bolmaýar.

ХVIII-ХIХ asyr Günbatar Ýewropa we Russiýa medeniýetine degişli mebel predmetleri, bezegli aksessuarlar Aleksandr Puşkiniň hatyrasyna açyljak sergide görkeziler, ony dünýä bileleşigi 2019-njy ýylda bellär. Serginiň guramaçylary beýik rus şahyrynyň hatyrasyna şol döwrüň ýagdaýyny täzeden dikeltmäge çalşarlar. Stili boýunça ekletiki interýer sergi adatça Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli guralýar.

-Geçen eýýamlaryň zatlaryna syn edýänler amaly-haşam sungatynyň bu eserleriniň Şekillendiriş sungaty muzeýine nädip düşenligi bilen gyzyklanýarlar. Şolar barada-da aýdaýsaňyz...

-Geçen asyryň 20-nji ýyllarynda Russiýanyň Ermitaž, Rus muzeýi, A.S.Puşkin adyndaky muzeýi, Tretýakow galereýasy ýaly muzeýlerinden ýerli ilaty beýleki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmak üçin Orta Aziýa muzeýlerine gymmatly eksponatlaryň ençemesi peşgeş berlipdir. Şeýlelik bilen, Napoleonyň serwizinden daşy gaýyş gaply “N” ýazgyly hrustal bulgur, Kazimir Malewiçiň gowy gören suprematizm stilinde Suetiniň ýalpakgaplary we başga-da ençeme seýrek duşýan zatlar biziň muzeýimize düşüpdir.

Şekillendiriş muzeýiniň zallarynyň 11-sinde Gündogaryň Zarpçy sungat mekdebiniň uçurymlaryndan başlap, döwürdeş türkmen nakgaşlarynyň suratlarynyň ençemesi bilen birlikde ХVIII-ХIХ asyrlaryň we ХХ asyryň başynda döreden gollandiýaly, italiýaly, fransiýaly, nemes we russiýaly žiwopisçileriň eserleri, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Hindistanyň, Türkiýäniň, Eýranyň halk-amaly sungatynyň predmetleri we žiwopis eserleri bar.

Hatarynda ksilografiýa, oýulyp nagyş salnan agajyň ajaýyp nusgasy, mysal üçin, ХIХ asyryň başyna degişli “Garry we agtygy” nagyşly agajy, nagyşly süňk, şol sanda ýaponlaryň neskesleri, hytaý nagyşlarynyň nusgalary ýaly Aziýa kolleksiýasy geçen asyryň 50-nji ýyllarynda Moskwanyň Gündogar Sungaty muzeýine peşgeş berlen zatlaryň bir bölegidir.

Zallaryň birinde sergiler geçirilýär. Onda biz türkmen nakgaşlarynyň tematiki we özbaşdak sergilerini guraýarys. Şeýle sergiler diňe bir suratlara syn etmän, eýsem olaryň awtorlary bilen söhbetdeş bolmaga-da mümkinçilik berýär.

-Geçen ýylyň ahyrynda bu ýerde “Obadaşlarym” atly işler tapgyrynyň awtory maryly nakgaş Annadurdy Myradalyýewiň suratlarynyň sergisi bolupdy, ol mende ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Annadurdynyň zehinine muşdaklaryň ençemesinde bu ussat bilen tanyşmaga we onuň üýtgeşik awtorçylyk tilsiminiň gözbaşyna aň ýetirmäge mümkinçilik bolupdy...

- Men dynç alyş günleri muzeýiň bir maşgalada nesilleriň birnäçesinň wekilleriniň sungatlaryň taryhyna ser salyp, söhbetdeşlik gurap, özünde galan täsirlerini gürrüň berip, maşgala bolup dynç alýan ýerine öwrülmegini isleýärin.

Estetiki terbiýäniň diňe bir bilim babatda ähmiýeti bolman, eýsem medeni gurşaw maşgalada sazlaşykly özara gatnaşyklaryň kemala gelmegine, ösüp gelýän ýaş nesli mental gymmatlyklara çekmäge, olaryň gözýetimini giňeltmäge we döredijilikli pikirleniş ukybyny ösdürmäge ýardam edýär.

Biziň mekdep okuwçylary we talyplar, harby gullukçylar we zähmetkeşler toparlarynyň wekilleri üçin guraýan göçme sergilerimiz-de şekillendiriş sungatyny wagyz etmäge we bize gelýänleriň sany artdyrmaga gönükdirilendir.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi açyldy
Gresiýada Mondrian bilen Pikassonyň 2012-nji ýylda ogurlanan kartinalary tapyldy
Olga Mizgirýowa: döredijilik we ykbal syrlary
Tahyr Ataýewiň orkestri aşgabatlylar üçin, "Italiýa baýramçylyklary" stilinde konsert gurady
Türkmenistan at keselçiliginden erkin zonany döretmek hakynda sertifikat aldy
Türkmenistan at keselinden azat zolak diýlip ykrar edildi. Prezidente kubok gowşuryldy