Mustafa Şentop Wolfgang Kubiskiniň sözlerini ýazgardy

Mustafa Şentop Wolfgang Kubiskiniň sözlerini ýazgardy

Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop, Germaniýanyň Federal Mejlisiniň başlygynyň orunbasary Wolfgang Kubiskiniň Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan barada beren beýanatyny, Germaniýanyň Federal Mejlisiniň başlygy Barbel Basa ugradan haty bilen ýazgardy.

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Germaniýanyň Federal Mejlisiniň başlygyna bir hat ýazyp, orunbasary Kubiskiniň hormatly Prezidentimize garşy aýdan sözleriniň bizde we halkymyzda gahar-gazap döredendigini belläp, şol beýanaty berk ýagdaýda ýazgarýandygymyzy beýan etdim" diýip habar berdi.

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop: "Türkiye-Germaniýa gatnaşyklaryny bozmak islenen bu pes çemeleşmä garşy işe girişilmegine garaşýarys" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Finlýandiýanyň Prezidenti Stubb TBMM-niň Başlygy Numan Kurtulmuş Bilen Duşuşdy
Türkiyede 30-njy awgust Ýeňiş baýramy giňden bellenilip geçilýär
30-njy awgust Ýeňiş baýramy bilen bagly dabaralar dowam edýär
Ýaponiýanyň mirasdar şazadasy we şagyzy Türkiyede saparda bolýar
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ýokarlandyrylýar
Türkiýe bilen Eýran Serhetleriň Howpsuzlygy Meselesini Ara Alyp Maslahatlaşdy