Mustafa Şentop 3-nji doza sanjymyny TURKOWAK etdirdi

Mustafa Şentop 3-nji doza sanjymyny TURKOWAK etdirdi

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, Albaniýanyň Mejlisiniň başlygy Lindita Bikolla we ýanyndaky wekiliýet bilen TBMM-de duşuşyk geçirdi.

Mustafa Şentop, ol ýerde eden çykyşynda, Kowid-19 epidemiýasynyň halkara gatnaşyklarynyň ynsanperwer ugrunyň nähili derejede möhümdigini görkezendigini habar berdi.

Wirusyň täze wariantlarynyň ýüze çykandygyny aýdan Şentop: "Birnäçe günüň dowamynda Günorta Afrikada ýüze çykan mutant görnüşini Gollandiýada, Beýik Britaniýada görüp bilýäris.Birnäçe günüň içinde Awstraliýada görüp bilýäris.Günbatar Ýewropalylar umuman alanyňda globallaşmagy pulyň tiz we erkin dolanşygy, adamlaryň esasan hem zähmediň tiz we erkin dolanşygy, emläkleriň erkin dolanşygy hökmünde garaýarlar, emma keseller we wiruslar hem erkin gezýärler, global derejede.

Kesel global bolşy ýaly bejergi, derman, sanjymlar hem global bolmalydyr" diýip mälim etdi.

Mustafa Şentop Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň buýrugyna laýyklykda dünýäniň 156 ýurduna lukmançylyk enjamlarynyň ugradylandygyny ýatlatdy.

Türkiýäniň ýerli sanjymy TURKOWAK-yň hem ulanylyş rugsatnamasyny alandygyna ünsleri çeken Şentop: "Men özüm hem 3-nji dozamy TURKOWAK sanjymyndan etdirdim. Nesip bolsa iň gysga wagtda dostlukly we doganlyk ýurtlar başda bolmak bilen, elimizdäki mükinçilikler bilen ähli halklar bilen paýlaşmagy arzuw edýäris" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Finlýandiýanyň Prezidenti Stubb TBMM-niň Başlygy Numan Kurtulmuş Bilen Duşuşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiyede 30-njy awgust Ýeňiş baýramy giňden bellenilip geçilýär
30-njy awgust Ýeňiş baýramy bilen bagly dabaralar dowam edýär
Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasy Respublikanyň 101 ýyllygyny belledi
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ýokarlandyrylýar
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ýokarlandyrylýar