Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, 13 ýurduň mejlisiniň we senadynyň başlygynyň Gurban baýramyny gutlady.
Şentop Gurban baýramy mynasibetli Özbegistanyň Kanun çykaryş Mejlisiniň başlygy Nurdinjan Ismailow we Özbegistanyň Senadynyň başlygy Tanzila Narbaýewa, Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal milli geňeşiniň başlygy Sagr Gobaş, Malaýziýanyň Wekiller Mejlisiniň başlygy Tan Sri Azhar Azizan Harun, Gazagystanyň Mejlisiniň başlygy Ýerlan Koşhanow, Demirgazyk Makedoniýanyň Mejlisiniň başlygy Talat Jaferi, Yragyň Wekiller Mejlisiniň başlygy Muhammed Halbusi, Saud Arabystanynyň Şura Mejlisiniň başlygy Abdullah Bin Muhammed Al Şyh, DKTR-nyň Jemhuriýet Mejlisiniň başlygy Zorlu Töre we Kataryň Şura Mejlisiniň başlygy Hassan bin Abdulla Al Ganim bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Mustafa Şentop, baýramyň üçünji güni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde özara we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.
Mejlisiň başlygy Şentop düýn hem Gyrgyz Respublikasynyň Mejlisiniň başlygy Talant Mamytow we Liwiýanyň Ýokary döwlet geňeşiniň başlygy Halid Al Mişri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Marokkonyň Wekiller mejlisiniň başlygy Raşid At Talbi Al Alemi bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçiren Mustafa Şentop, telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Marokkonyň arasyndaky gatnaşykaryň sebitiň parahatçylygyna we durnuklylygyna goşant goşýandygyny belledi.