Musa Jarullah

Musa Jarullah

Hormatly okyjylar! Şy gün size 20-nji asyryň başynda Russiýa musulmanlarynyň täzelikçi hereketiniň öňbaşçyloaryndan, žurnalist we ylahyýet alymy, tatar filosofy Musa Jarullah Bigiýewi size tanyşdyrmakçy.

Musa Jarullah diýlende, ilki bilen din alymy hökmünde öňe saýlanýar.Soň bolsa Russiýa musulmanlarynyň syýasy hereketlerine bolan möhüm goşantlary bilen tanalýar.Musa Jarullah Bigiýew 1875-nji ýylda Don derýasynyň kenarynda Nowo-Çerkask şäherinde dünýä inýär. Çagalyk ýyllary Rostow şäherinde geçýär. Şol şäherde rus mekdebinde okaýar, 1888-nji ýylda Gazan şäherindäki Köl boýy medresesine okuwa girýär. 1895-nji ýylda Buhara medresesinde okaýtar. 1888-nji ýylda yza dolanyp, Stambulda İnženerçilik mekdebine okuw girýär, emma dini ugra geçip, Müsüre gidýär.

Bulardan daşgary Hijaza, Mekgä we Medinä gidýär.Soň Hindistana baruar we ol ýerde käbir tanymal alymlar bilen duşuşýar.Hindistandan Damaska, ol ýerden hem Beýruda gidýär.Musa Jarullah şeýle uzak dowam eden talyplyk ýyllaryndan soň Rostowa dolanýar.

Soň Peterburg uniwersitetiniň Hukuk fakultetinde ders alýar.Okan ýyllarynda türki halklar üçin dini tälim maksat bilen döwrüň “Ulfet” we “El-Termez” gazetlerinde makalalar ýazýar.Russiýa ol ýyllarda syýasy taýdan dartgynlydy.

Bu syýasy şertlerden musulmanlaryň yzda galmaly däldigini beýan edýär.Ol, Russiýa musulmanlarynyň 1-nji, 2-nji we 3-nji kongresleri hakynda möhüm makalalar ýazýar.

Musa Jarullah, şeýle hem bilim, zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän orny we käbir yslamy meseleler hakynda makalalar ýazýar. Jarullah Russiýa musulmanlarynyň guran maslahatlarynyň ählisine gatnaşýar. 1905-nji ýylda geçirilen birinji maslahatda merkezi komitetiň agzalygyna saýlanýar. Gatnaşan maslahatlary hakynda giňişleýin maglumatlar beren Jarullah, 1917-nji ýylda Bütin Russiýa Musulmanlarynyň 5-nji maslahatyna hem gatnaşýar.

İrginsiz işlän we Russiýa musulmanlarynyň hukuklaryny goran Musa Jarullah, 1920-nji ýylda Russiýa Musulmanlarynyň Ufa gurultaýyny geçirýär.Musa Jarullahyň “Yslamyýet elipbiýi” atly eserindäki teklipler gurultaýda ara alynyp maslahatlaşylýar.

Jarullah Gurultaýdan soň birnäçe maslahatda kesgitlan maddalaryny okaýar we nusgalaryny Musulman mekdeplerine paýlaýar.Maksady bu eseri daşary ýurtda hem bolsa çap edip, halka ýetirmekdi.Netijede 1923-nji ýylda Sowet duşmany we syýasy bosgun Aýaz İshakiniň goldawy bilen “Yslam Milletlerine” ady bilen kitap Berlinde neşir edilýär. Şondan soň Musa Jarullah Moskwa alynyp gidilýär we tussag edilýär. Şol eserler dini mazmunly görünýän hem bolsa syýasy häsýete eýedi.

Abdullah Battal Taýmas, Jarullahyň tussag edilendigini eşidenden soň Türkiýä telegramma ugradýar we Türkiýäniň Sowetlere ýüzlenmesi netijesinde ol boşadylýar.Emma ol üç ýyl gözegçilikde ýaşamaly bolýar.Musa Jarullah alyp baran göreşi sebäpli 1930-njy ýyldan 1949-njy ýylda ýogalýança sürgünde ýaşaýar, köp syýahat edýär we arapça eserler ýazýar. Ömrüniň ahyrynda Gurhanyň terjimesini çap etmek isleýär.

Russiýa oňa hem rugsat bermeýär.Arapça teksitini maşynkada ýazmak üçin Stambulda Kaire gidýär.Emma ömrüniň soňky günleridi we eserini gutarman, 1949-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda Kairde dünýeden ötýär.

Ömrüni Russiýa musulman haklaryna bagşeden Musa Jarullah, unudylmajaklaryň sanawyna goşuldy. Gazan şäheriniň köçelerinden biri onuň adyny göterýär. Ol hakda kino-film surata düşürildi. 2013-nji ýylda Musa Jarullahyň doglan gününiň 140-nji ýyllygy mynasybetli dürli çäreleri geçirildi. Ylmy tezislerde Musa Jarullahyň ömri we döredijiligi işlendi.

Ýene degişli makalalar

Asad bilen Ysraýylyň arasyndaky hyzmatdaşlyk resmileşdirildi
9-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Ýewro ― 2024-iň açylyş duşuşygynda Germaniýa Şotlandiýany uly hasap bilen ýeňdi
Saglygy goraýyş ministri gazak, katarly we azerbaýjanly kärdeşleri bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidentiniň matam çäresine gatnaşdy
Türkmenistanyň ýolbaşçylary Eýranyň ýolbaşçylygyna gynanç bildirdiler