Murmansk Sebitine Uçarmansyz Howa Ulaglary Bilen Hüjüm Guraldy

Murmansk Sebitine Uçarmansyz Howa Ulaglary Bilen Hüjüm Guraldy

Russiýa Federassiýasynyň Murmansk sebitiniň häkimi Andreý Çibiş sebite uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm guralandygyny aýtdy.

Çibiş, “Duşman uçarmansyz howa ulaglary bilen sebitimize hüjüm edýär. Hüjümler sebäpli käbir zatlary çäklendirmeli bolduk” diýdi.

Şu gün ir ertir Apatitş we Murmansk howa menzillerinde käbir uçar saparlarynyň bes edilendigi nygtaldy.

Telegramdan ýaýlym berýän Baza habar kanaly rus deňiz harby merkeziniň ýerleşýän ýeri bolan Seweromorsk sebitiniň golaýynda 3 uçarmansyz howa ulagynyň görlendigini mälim etdi.

Baza habar kanalynyň berýän habaryna görä Kola Ýarym adasynda ähli uçar saparlary bes edildi.

Murmansk sebiti Russiýa-Ukraina serhedinden 1,5 müň kilometr alysda ýerleşýär.

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines Stambuldan uçuş ugurlaryny giňeldýär
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
Rekord bahadan satyldy
10-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Ýamalyň rekordy we EURO 2024-iň ilkinji finalçysy Ispaniýa
Aşgabatda halkara söwda syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça okuw maslahaty geçirilýär