Murmansk oblastynyň eteginde ýük we ýolagçy otlulary çaknyşdy

Murmansk oblastynyň eteginde ýük we ýolagçy otlulary çaknyşdy

Russiýanyň Murmansk oblastynda iki otly çaknyşdy. Gurban bolanlar hem bar. Bir adamy wagon gysdy diýip, ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligine salgylanýan MIR 24 habar berdi.

Betbagtçylyk Knýažýa demir ýol duralgasynyň etrabynda boldy, ýük otlusy Murmansk — Sankt-Peterburg arasynda gatnaýan ýolagçy otlusy bilen çaknyşdy. Netijede, üç ýolagçy wagony we ýük wagonlary-da ýoldan agdy.

Otly heläkçiliginde 31 adam ejir çekdi, olaryň bäşisi çagalar diýip, Russiýanyň Demir ýollary edarasyna salgylanýan Gazeta.ru habar berdi.

Heläkçiligiň bolan ýerinde iki adam, agyr şikes alan bir zenan hassahana alnyp barylýarka, gurban boldy. Otluda 326 adam bardy diýlip, habarda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Russiýada Bolan Uçar Heläkçiliginde 2 Adam Ýogaldy
Azerbaýjanyň Howa Ýollaryna Degişli Ýolagçy Uçary Heläkçilige Uçrady
Garabogazda ýol heläkçiliginde Ýokary gözegçilik edarasynyň iki işgäri heläk boldy
Aşgabat-Daşoguz gara ýolunda bolan ulag hadysasynda dokuz adam heläk boldy
Nepalyň howa gullugy edarasy uçar heläkçiliginde 18 adamyň pida bolandygyny tassyklady
Günorta Koreýada Bolan Ýol Heläkçiliginde 9 Adam Ýogaldy