Murgap etrabynda konserwirlenen önümleriň günde 3,5 müň çüýşesi öndürilýär

Murgap etrabynda konserwirlenen önümleriň günde 3,5 müň çüýşesi öndürilýär

Mary welaýat alyjylar jemgyýetler birleşiginiň Murgap etrap alyjylar jemgyýeti her günde gök we miwe önümleriň 3 3,5 müň şertli çüýşesini öndürmek bilen ýyllyk meýilnamany ýerine ýetirmäge işjeň taýýarlyk görýär. Bu barada “Bereketli toprak” gazetiniň çarşenbe günündäki sanynda habar berilýär.

Kärhana tarapyndan ýerli ekerançylardan we telekeçilerden ter gök önümler we miweler satyn alynýar. Gaýtadan işlenilen we aýna gaplarda konserwirlenen önümler uly islegden peýdalanylýan bazarlara iberilýär. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, ähli öndürilýän önümler ýokary hil ölçeglerine laýyk gelýär.

Işgärler tarapyndan ýola goýlan işler we önümçiligiň ýokary depgini kärhananyň öňünde goýan maksatlaryna durnukly ýetmegine mümkinçilik berýär.

14 adamyň zähmet çekýän önümçilik birleşiginde dürli miwe suwlary we konserwirlenen gök önümleri öz içine alýan 2 million 70 müň manatlyk önüm öndürmek bilen ýyllyk meýilnamany üstünlikli jemlemek meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Mary welaýatynda gant şugundyrynyň 224 müň tonnasyny öndürmek meýilleşdirilýär
Ilkinji gaýykly halasgär robot
Balkanda medeniýet işgärleriniň arasynda öz islegi bilen işden çekilýän köpeldi
Ýerli ýaşaýjylar köne gaz geçirijileriň täzelenmegini soraýar, gazyň basyşy pes bolmagynda galýar
Toý, sadakalara gatnaýan il ýaşululary üçin düwünçegiň nyrhy artdy
Maryda ýokary wezipeli emeldaryň gelmegine garaşylýar we arassaçylyk işleri geçirilýär