Mundan buýana Türkmenistanda poçtadan iberilen zatlaryň salgylary türkmen dilinde ýazylmaly

Mundan buýana Türkmenistanda poçtadan iberilen zatlaryň salgylary türkmen dilinde ýazylmaly

12-nji noýabrda Milli Geňeşiň ýokarky öýi Halk Maslahatynyň ýygnagynda “Poçta aragatnaşygy barada” kanun kabul edilipdi. Şonda döwlet täzelikler gullugy TDH kanun poçta aragatnaşygyny reformalaşdyrmaga we poçta hyzmatlarynyň hilini ösdürmegi üpjün eder diýip habar beripdi.

“Türkmen.news” neşiriniň üns bermegine görä, kanun boýunça mundan buýana salgylary rusça ýazylan hatlar getirilmez.

Kanunyň 26-nji maddasynda:”Türkmenistanyň içinden iberilen poçta iberijiniň we alyjynyň poçta salgylary döwlet dilinde, Türkmenistanyň daşyna bolsa,barjak ýurtlaryň dilinde ýa-da Bütindünýä poçta bileleşiginiň resminamalary bilen kesgitlenen dilde ýazylmalydyr”.

Mundan öň Türkmenistanda poçta hyzmatlarynyň berilmegi 2010-njy ýylyň Aragatnaşyk kanuny bilen düzgünleşdirilýärdi. Onda belli bir diliň ulanylyşy agzalmaýardy.The post Mundan buýana Türkmenistanda poçtadan iberilen zatlaryň salgylary türkmen dilinde ýazylmaly first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Fahrettin Altun YHG-na agza ýurtlaryň resmileri bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çagalar baglarynda körpelere rus dilinde multfilm görkezmek gadagan edilýär
Türkmenistanyň Poçta aragatnaşygy hakynda Kanuna gol çekildi
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň üçünji mejlisi geçirildi
Halk Maslahaty Döwlet býujeti we Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary barasynda kanunlary kabul etdi