Mundan 300 müň ýyl öň ýaşan adamyň keşbi dikeldildi

Mundan 300 müň ýyl öň ýaşan adamyň keşbi dikeldildi

Alymlar Marokkodan tapylan Homo sapiensiň, ýagny paýhasly adamyň kelleçanagyny dikeltdiler, bu olara mundan 300 müň ýyl öň ýaşap geçen adamyň ýüz-keşbini döretmäge mümkinçilik berdi diýip, Daily Mail neşirine salgylanýan Mail.ru ýazýar.

Maks Plankyň ewolýusion antropologiýa institutynyň alymlary kelleçanagy 2017-nji ýylda Marokkonyň Jebel-Irhud diýen ýerinden tapdylar. Grafika boýunça braziliýaly hünärmen Sisero Moraýes kelleçanagy mundan 300 müň ýyl öň ýaşan adamyň ýüz-keşbini döretmek üçin peýdalandy.

Jebel-Irhuddan tapylan galyndylar 315 müň ýyl mundan öňki döwür bilen senelenýär. Henize çenli Homo Sapiens iki ýüz müň ýyl töweregi öň peýda bolandyr diýlip çaklanýardy. Olary soňra neandertallar we denisowçylar gysyp çykardy. Emma Jebel-Irhuddan ele salnan tapyndylar bu wakanyň çaklanyşyndan ýüz müň ýyl ir bolup geçendigini görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Alyp gaçyp, ýa-da gaçyp baryp durmuş gurmak däpleri il arasynda giň ýaýrap barýar ýerli ýaşaýjylar
Jebelde 12 müň tonnadan gowrak baýlaşdyrylan kaolin taýýarlanyldy
Tunisdäki tokaý ýangynlary dowam edýär
Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi.
Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşigi geçirildi
Türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda