Munawwar Kari

Munawwar Kari

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda tanymal alym we intellektual liderlerden biri, Özbegistanda ilkinji Jaditçi mekdepleri açan Munwwar Karini size tanyşdyrmakçy.

Türküstan Jaditçiliginiň atasy kabul edilýän, ömrüni Türküstan gowgasyna bagşeden adamlardan biri hem Munawwar Karidir.Munawwar Kari 1878-nji ýylda Özbegistanyň Daşkent şäherinde sowatly maşgalada dünýä inýär.Atasy we kakasy mudarris, din alymydy.

Maşgalanyň üçünji ogly bolan Munawwar Kari, ýaşka kakasyny ýitirendigi üçin ilkinji sowadyny ejesinden alýar.Soň döwrüň tanymal mugallymy Osman Hojadan Gurhan öwrenip, irki ýaşlarlarda hafyz bolýar. “Kari” lakamyny hafyzlykdan soň alýar.

Emma käbir meseleler sebäpli okuwyny tamamlap bilmeýär we Daşkende dolanýar. Şol ýyllarda köne usuldaky bilim ulgamynyň özgerdilmeginiň peýdaly boljakdygyna göz ýetiren Munawwar Kari, täze usuldaky bilim bilen tanyş bolýar. Şol döwürde türküstanly alymlar Ysmail Gaspyralynyň, Mithat Paşanyň, Namyk Kemalyň we Ziýa Paşanyň makalalaryny okaýardy, olaryň düşünjelerini bilýärdi.

Meşhur “Terjiman” gazeti okalýardy.Munawwar Kari İsmail Gaspyraly bilen Türküstana guran saparynyň dowamynda tanyşyp, dostlaşýar.Täze bilim ulgamy pikirinden ugur alyp, Daşkende dolanyp gelenden soň 1901-nji ýylda täze usulda ders berilýän mekdep açýar. Öz öýüniň howlusynda, öz mümkinçilikleri bilen açan mekdebine “Nusgawy mekdep” adyny goýýar. İne şol mekdep Özbegistanda täze düşünjäniň ýaýbaňlanmagyna şert döreden mekdep bolýar.

Munawwar Kari soň tagallasyny giňeldip, şol mekdepleriň sanyny artdyrýar.Dowam eden işleriniň netijesinde şol döwürde Türküstandaky iň guramaçylykly mektep bolýar we iň esasasy hem Jedit Usulyndaky mektebe öwrülýär.

Munawwar Kari diňe bir mekdep açmak bilen çäklenmeýär, şol mekdeplerde okadyljak kitaplary we makalalary ýazýar.Başga bir söz bilen aýdylanda täze bilim ulgamynyň ilkinji okuw kitaplarynyň awtory bolýar.

Munawwar Kariniň iň esasy hyzmatlaryndan biri hem Haýryýe Jemgyýeti atly haýyr-sahawat guramasyny döretmegidir. Şol guramanyň saýasynda özbek ýaşlary daşary ýurtlardan bilim alýar.

Ol “Hurşid” atly gazet çykarýar. Şol sanda “Aziýa”, “Täjir” we “Geňeş” atly gazetlerde redaktör bolup işleýär.Onuň maksady metbugat arkaly Türküstan halkyny habarly etmek, ýoluny aýdyňlatmakdy.Esasanda bilim ulgamynyň goldanmagy üçin “Ahyr” atly jemgyýet döredýär.

Baýlardan pul ýygnap, başarjaň ýaşlary Ýewropada bilim almaga ugradýar. 1917-nji ýylda Yslam Şurasy atly guramany döredýär. Ähli milli güýçleri özünde jemleýän gurama Hokantda Türküstan Awtanom döwletini gurýar.Täze döwletiň yglan edilmeginden soň gynansagam onuň ömri uzak bolmaýar.

Daşarky güýçleriň islemeýan döwleti gynansagam pajygaly ýagdaýda ýykylýar.

Munawwar Kari ähli bökdençliklere we kynçylyklara garamazdan göreşinden el çekmeýär. 1918-nji ýylda ilkinji uniwersitetini açýar we onuň ilkinji rektory bolýar. Şol ylym ojagy soň Daşkent Döwlet uniwersiteti adyny alýar.

Täze syýasy ulgam Munawwar Karini 1922-nji ýylda Türküstan Bilim ministrligine belleýär. İki ýylyň dowamynda ýüze golaý ýaşlary Germaniýada dürli ugurlarda bilim almaga ugradýar.Emma bir tarapdan üýtgän syýasy şertler sebäpli polis tarapdan yzarlanmaga başlanýar. 1925-nji ýylda tussag edilen bolsa, boşadylýar.

Ýöne yzarlanmaga dowam edilýär.Gynasagam 1929-njy ýylda gaýtadan tussaag edilip, syýasy, milli we dini işleri sebapli 1931-nji ýylda Moskwada atylyp öldürilýar. Ömrüni halkyna, bilime we hyzmada bagşeden Munawwar Kariniň ygtybary Garaşsyz Özbegistan döwleti tarapyndan gaýtarylyp berilýär, 1991-nji ýylda Munawwar Kari hakynda karar kabul edilýär.

Ol ýüzlerçe ýaşlaryň daşary ýurtlarda bilim almagyna şert döreden alym, syýasy hereketleriň ugrukdyryjysy, Özbegistanda ilkinji uniwersitetiniň esaslandyryjysy we rektory, döwlet işgäri, ýazyjy hem-de şahyr hökmünde halkynyň köňlünde baky ýaşar.

Ýene degişli makalalar

Türki Dünýäniň Konwensiýasy Kabul Edildi
Abdulhamit Süleýman Çolpan
Abdulkadir Damolla uýgur ýazyjysy, şahyr döwlet adamy we alym
M.K.Atatürk we onuň türki dünýä hakyndaky pikirleri
Daşkentde aklanylýan 'basmaçylar' Aşgabatda näme üçin ýatlanylmaýar?
Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynyň täze prokuroryny wezipesine belledi, Russiýanyň sirk artistleri Türkmenistandaky saparyny Balkanabatdaky çykyşlary bilen tamamlarlar we beýleki habarlar