Multimodal ugur: Gruziýa ilkinji ýük otlusy bardy

Multimodal ugur: Gruziýa ilkinji ýük otlusy bardy

Mazutly sisternadan ybarat 49 sany otly multimodal ugry boýunça Gyrgyzystanyň Karasu şäherinden Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň üsti bilen Gruziýanyň Batumi şäherine bardy.

“O’zbekiston Temir Yo’llari” paýdarlar jemgyýetiniň habaryna laýyklykda otly Özbegistanyň çäginden meýilleşdirilen 36 sagada derek 33 sagadyň dowamynda geçdi.

Häzirki wagta çenli bu otly Karasudan Özbegistanyň üsti bilen Batumi şäherine ugradylan ikinji otludyr. Bu multimodal ugur boýunça ýene-de bir otlynyň ugradylmagy meýilleşdirilýär.

Geçen ýylyň 19-20-nji dekabr aralygynda Daşkent şäherinde Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň demir ýol gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirilipdi.

Duşuşykda taraplar “Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary Hytaý Gyrgyzystan Özbegistan Türkmenistan Azerbaýjan Gruziýa Ýewropa” halkara multimodal ugruny ösdürilmeginiň wajypdygyny nygtadylar hem-de bu ugruň diňe bir Merkezi Aziýa Kawkaz ýurtlaryny birleşdirmän beýleki Ýewropa we Aziýa ýurtlary bilen söwdanyň artmagyna goşant goşjakdygy barada ylalaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Multimodal ugur: Gruziýa ilkinji ýük otlusy bardy
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
3-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmen küştçüleri Gruziýada geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky FIDE-niň Dünýä kubogynda çykyş etdiler
Türkmenbaşy we Baku portlarynyň arasynda ýük gämileriniň gatnawy köpelýär
Batumi ÝUNESKO-nyň aýdym-saz şäheri statusyny aldy