Dewid Martin Smart 1987-nji ýylda öz şereketini Kanadada amerikaly bir taslama şereketiniň paýlaýjysy bilen bilelikde gurdy.Satan taslamalaryndan gelen girdejilerini täze tehnologiýalar üçin ulandy.Kompýuter tehnologiýasynyň sensorly ugrukdyryşyň we “Microsoft Windows” programmasynyň goldawynda interaktiw tagta dolandyrylyşy kämilleşdirmäge başlady. Şeýlelikde, interaktiw tagta 1991-nji ýylda Dewid Martin we Nensi Noulton tarapyndan oýlanyp tapyldy.
Smart tehnologiýasy şereketi tarapyndan öndürilýän multimediýa tagtalary ulanyjylaryň maglumatlaryny sensor usulynda aragatnaşygy ýola goýmak üçin taýýarlanyldy.Interaktiw tagta kompýuter syçanjygynyň ýerine ýetirýän ähli buýrugyny sensor usuly bilen amala aşyrýar.Multimediýa tagta ýa-da interaktiw tagta: kompýuter, tagta we proýektor baglanyşdyryjy ulgam görnüşinde işleýär.
Bular biri-birine kabelsiz ýa-da usb kabelleri bilen birigýär.Bu üçlük ulgamda kompýuter geçilmeli sapagy işledýän bolsa, proýektor kompýuteriň ekranyny tagtanyň ýüzünde şöhlelendirýär.Multimediýa tagtasy bolsa, barmaklaryň ýa-da galamyň ujunyň ekrandaky maglumatlara galtaşmagy bilen interaktiw işjeňligi döredýär.Şeýle usul bilen kompýuterde taýýarlanan sapaklary, ýygnaklaryň surata düşürilen şekillerini, kompýuterde ýerine ýetirilen işleri diňleýjä görkezip bolýar.
Bu usul bilen sapagy özleşdirmek has ýeňilleşýär.