Sahawatly türkmen topragyna Gurban baýramy geldi.Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan bu baýramy şatlyk dabara bilen garşy almak, bütin halk bilen agzybirlikde bellemek asylly däpleriň birine öwrüldi.Gurban baýramy adamlaryň ýüregine birek-birege mähremlige, dost-doganlyga bolan duýgyny berkidýär we köňlüni päkläp ýagşylyga çagyrýar.
Bu çuňňur manyly, mukaddes, milli däp-dessurymyzy ýitirmän nesillerden-nesillere geçip, şu günki günde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaşlary terbiýelemekde uly mekdep bolup durýar. Şondan ugur alyp Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi gaznasynda saklanýan sungat eserlerinden Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Türkmen döwlet medeniýet institutynda göçme sergisi gurnaldy.
Sergide halypa suratkeşler Saparmämmet Meredowyň “Gelinler”, Kakageldi Seýitmuhammedowyň “Bu gün toý”, “Garaşsyzlyk toýy”, Çary Öwwäýewiň “Gulbabanyň portreti”, Sülgün Hojagulyýewanyň “Gurban baýramy”, Alekseý Galkiniň “Hiňňildikler” we ýaş suratkeş Merdan Kakabaýewiň “Bol saçak” atly nakgaş eserleri sergilendi.