Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna

TÜRKMEN IŞEWÜRLIGINIŇ HÄZIRKI ZAMAN NUSGASY

Atalyk-gurluşyk hususy kärhanasynyň rowaç menzilleriniň söhbedi

ILKINJI ÄDIMLER

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň täze belentliklerini nazarlaýan döwletimizde beýleki ugurlar bilen bir hatarda, hususy telekeçiligi ösdürmäge hem aýratyn uly üns berilýär. Şonuň üçin bu günki gün ata Watanymyzyň gülläp ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýan, kiçi we orta telekeçilik bilen meşgullanýan türkmen işewürleri hem döwletimiz, hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly alada bilen gurşalandyr.

Munuň özi ýurdumyzda hususy telekeçiligiň ählitaraplaýyn rowaçlanmagyna getirýär.

2009-njy ýylda ýurdumyzda Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen, bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň ygtybarly hukuk esaslary goýuldy.Bu bolsa häzirki zaman bazar gatnaşyklary şertlerinde barha ösüşlere beslenýän döwletimizde diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä bazarynda hem bäsleşige ukyply önümleri hödürleýän türkmen işewürleriniň alyp barýan telekeçilik işleriniň kämil hukuk binýadynyň döredilendiginden habar berýär.

Ýurdumyzyň işewürlerine döwlet tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, öz hususy telekeçilik işini ýola goýan ildeşlerimiziň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Berdi Atalykow bolmaly.Ol 2011-nji ýylyň aprel aýynda Atalyk-gurluşyk hususy kärhanasyny esaslandyrmak bilen, telekeçilik işine girişýär.

Golaýda Atalyk-gurluşyk hususy kärhanasynyň gurluşykçylarynyň şu günler alyp barýan derwaýys işleri bilen ýakyndan tanyş bolup, olaryň iş üstünde armasyny ýetirmek maksadynda baranymyzda, kärhananyň ýolbaşçysy bilen turuwbaşdan sözümiz alşyp gitdi.

— Hususy telekeçilik bilen meşgullanmak höwesi mende orta mekdepde okap ýören döwrümde döredi. Ýöne telekeçilik işi aýratyn ukyp-başarnygy talap edýär. Şonuň üçin hem öz hususy kärhanamyzy döretmezden öň, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny alyp barýan edara-kärhanalarda özüm ýaly ýaş gurluşykçy oglanlardan topar düzüp, olar bilen iş bölüp alyp işlemek bilen, öz tejribämi has-da artdyrdym. Şeýle hem şol döwürde gurluşyk işlerini alyp barýan hususy kärhanalaryň işi bilen hem ýakyndan tanyş boldum.

Netijede, hususy kärhanamyzy esaslandyranymyzdan uzak wagt geçmänkä welaýatymyzyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna laýyklykda 6 müň 500 metr uzynlykdaky, göwrüminiň ululygy 63 millimetrden 200 millimetr aralygynda bolan agyz suw geçirijisiniň gurluşygyna 2012-nji ýylyň maý aýynda girişip, onuň gurluşygyny 2014-nji ýylyň noýabr aýynda doly tamamladyk.

Ol döwürde biziň gurluşyk ugrundan ýeterlik iş tejribämiz bolmanlygy sebäpli, welaýatymyzda şular ýaly gurluşyk işlerini alyp barýan hususy kärhanalaryň hünärmenleri bilen ýygy-ýygydan tejribe alşyp durýardyk.Munuň özi gurluşygyny alyp barýan suw geçiriji ulgamymyzyň gurluşygyny talabalaýyk derejede hem-de öz wagtynda tamamlamagymyza oňaýly täsirini ýetirdi.

Onuň gurluşygynda kärhanamyzyň halypa işgärleri — iş öndüriji Bagtyýar Maşaripow, ussa Ata Dädebaýew, JCB kysymly ýer gazyjy traktoryň sürüjisi Nurgeldi Halmyradow, işçiler Gudrat Pälwanow, Atabek Maşaripow, Döwlet Gadamow, turbalary birleşdiriji ussalar Aýbek Kadambaýew we Menzil Gulmyradow dagy has hem tapawutlanyp işlediler. Şol günden bäri hem bu işgärlerimiziň köpüsi bilen welaýatymyzyň çäginde dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda bir-birek bilen düşünişip, agzybirlikde zähmet çekip gelýäris — diýip, hususy kärhananyň ýolbaşçysy Berdi Atalykow özüniň telekeçilik ugrundaky ilkinji ädimlerini guwanç bilen ýatlady.

GERIMI GIŇ GÖZÝETIMLER

Hususy kärhananyň gurluşykçylary ondan soňra Gubadag etrabynyň Abadanlyk geňeşliginiň Bäsdeş obasynyň ilatyny agyz suwy bilen bolelin üpjün etmek maksadynda, ol ýerde umumy uzynlygy 13 kilometr 700 metre barabar bolan dürli ululykdaky suw geçirijilerini çekmek bilen, bu ugurda öz iş tejribelerini has-da baýlaşdyrdylar. Şonuň üçin hem göwrüminiň ölçegi 75 millimetrden 250 millimetr aralygynda bolan bu ulgamyň gurluşygy bellenen möhletlerde, ýagny 2013-nji ýylyň mart aýynda başlanyp, 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda üstünlikli tamamlanýar.

Munuň özi, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzy arassa agyz suwy bilen talabalaýyk üpjün etmek ugrundaky sargytlaryndan ugur alyp, bu ugurda netijeli işleri alyp barýan, başyna baran işi bitip, tutýan tutumlary maksadalaýyk tamamlanýan hususy kärhananyň işgärleriniň abraý-mertebesini has hem artdyrýar.

Netijede, olaryň öňünde telekeçilik işini ösdürmekde gerimi giň gözýetimler açylýar. Şeýlelikde, 2014-nji ýylyň başyndan başlap, tä 2015-nji ýylyň sentýabryna çenli birbada birnäçe desgada, ýagny Gubadag etrabynyň Bitarap Türkmenistan geňeşliginiň Garagöl obasynda öň bar bolan agyz suw geçiriji ulgamyň 14 müň 350 metr ýeriniň durkuny täzelemekde hem-de şol etrabyň Abadanlyk geňeşliginiň Bäsdeş we Çagatýap obalaryna Baýdak geňeşliginiň çäginde ýerleşýän süýji suw saklaýjy desgasyndan suw eltiji, göwrüminiň ululygy 225 millimetr bolan suw geçirijileri çekmekde has kämilleşen hususy kärhananyň agzalarynyň durmuşa geçirýän wajyp işleriniň netijesinde, şol obalaryň ilatynyň arassa agyz suwy bilen üpjün bolmagyna giň mümkinçilikler döreýär.

Munuň özi bagtyýarlyk döwrümizde halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmakda möhüm wezipeleriň biridir.

BINA GURMAK BAGTY

— 2014-nji ýylyň gyş günleridi.Daşoguz şäheriniň Nowruz ýaşaýyş jaý toplumynda Bitaraplyk şaýolunyň ugrundaky 75 millimetrlikden 110 millimetrlik aralygyndaky ölçeglerdäki agyz suw geçirijiniň durkuny täzelemek işlerini gyzgalaňly dowam edýärdik.

Durkuny täzelemeli suw geçirijisiniň uzynlygy bir müň iki ýüz metr töweregidi. Şonda biziň alyp barýan işlerimiz bilen ýakyndan tanyş bolan ýerli ýolbaşçylar biziň hususy kärhanamyza welaýat merkezinde bir sany köp gatly ýaşaýyş jaýynyň gurluşyk işlerini dowam etdirmegi ynandylar.

Munuň özi biziň kärhanamyzyň her bir agzasynyň köpden bäri edip ýören arzuwydy.Ol Daşoguz şäheriniň Şähribossan köçesiniň ugrunda ýerleşýän 4 gatdan ybarat bolan, 16 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy eken.

Bu binanyň gurluşygyna 2015-nji ýylyň tomsunda paýly gurluşyk esasynda girişip, ony 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda üstünlikli tamamladyk. Şol jaýam welaýatda paýly gurluşyk esasynda gurlan ilkinji bina boldy. Şondan soňra döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmakda hem biziň işlerimiz ýola düşüp, rowaç alyp gidiberdi — diýip, hususy kärhananyň ýolbaşçysy buýsanç bilen aýtdy.

Kärhananyň gurluşykçylarynyň paýly gurluşyk esasynda gysga möhletlerde gurup, 2017-nji ýylyň maýynda ulanmaga beren, Daşoguz şäheriniň Baýdak köçesiniň ugrunda bina edilen 4 gatly, 16 öýli, ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýy hem oňa göçüp baryp, jaý toýlaryny tutan bagtyýar ýaşaýjylarda egsilmez şatlyk duýgularyny döredýär. Çünki bu 2 we 3 otagdan ybarat bolan jaýlar bahasynyň arzanlygy sebäpli köpler üçin elýeterlidi. Şonuň üçin hem Atalyk-gurluşyk hususy kärhanasynyň gurluşykçylarynyň paýly gurluşyk esasynda bina edýän ýaşaýyş jaýlarynyň ýokary hilliligi hem-de bahasynyň elýeterliligi sebäpli, oňa bolan isleg ilat arasynda barha artyp başlaýar. Şuny göz öňünde tutan kärhananyň ussat gurluşykçylary soňra Daşoguz şäheriniň Daşoguz köçesiniň ugrunda 4 gatly, 24 öýli ýaşaýyş jaýyny, Görogly köçesiniň ugrunda hem edil ýokardaky ýaly bir sany ýaşaýyş jaýyny hem-de 4 gatly, 16 öýli ähli amatlyklar göz öňünde tutulan döwrebap ýaşaýyş jaýyny yzly-yzyna gurup, ulanmaga tabşyrýarlar.

Netijede, welaýatyň ýaşaýjylarynyň ençemesi gysga möhletlerde şäheriň iň gözel ýerlerinde gurlan döwrebap, saýlantgy ýaşaýyş jaýlaryň eýelerine öwrülýärler.

Saýlantgy diýilmeginiň sebäbi, bu jaýlaryň hersi 3 we 4 otaglardan ybarat bolup, olaryň birinjisiniň içiniň göwrümi 171 inedördül, ikinjisiniňki bolsa 203 inedördül metrden gowrakdyr. Şeýle hem olarda ýaşamak üçin ähli şertler döredilip, gündelik zerur bolan ähli amatlyklar goşa-goşadandyr.

Kärhananyň barha ussatlyga eýe bolýan binagärleri tarapyndan 2018-nji ýylyň ýanwarynda gurluşygyna girişilip, geçen ýylyň sentýabr aýynda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramçylygyna gabatlanyp ulanylmaga berlen, Daşoguz şäheriniň Daşoguz köçesiniň ugrunda ýerleşýän 4 gatly, 32 öýli, 4 gatly, 24 öýli we 4 gatly, 16 öýli ýaşaýyş jaýlary hem şeýle amatlyklary bolan döwrebap desgalardyr.

Olaryň gurluşygyny kärhananyň ezber gurluşykçylary şol toplumda ýerleşýän aşaky gaty azyk dükanly, ýokarsynda bolsa ilata durmuş taýdan hyzmat ediş toplumy ýerleşýän bina bilen bir wagtda güýçli depginlerde alyp bardylar.

NETIJELI IŞLER, AÝDYŇ MAKSATLAR

Meniň öňümde Atalyk-gurluşyk hususy kärhanasynyň agzybir gurluşykçylarynyň soňky döwürlerde bina eden ýaşaýyş jaý toplumlaryna hem-de kärhananyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga degişli dürli maglumatlary dur.Olaryň arasynda ünsümi özüne çeken zat häzirki döwürde Daşoguz şäheriniň Bitaraplyk şaýolunyň ugrunda gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýan 2 sany 4 gatly, 32 öýli we 1 sany 4 gatly, 16 öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy boldy.

Paýly gurluşyk esasynda birbada şular ýaly ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygyny utgaşykly alyp barmak, elbetde, ýeňil-ýelpaý iş däl.Munuň özi hususy kärhananyň önümçilik kuwwatynyň barha artýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Bu ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň dekabr aýynda guramaçylykly girişen kärhananyň agzybir gurluşykçylary ony şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şöhratly toýuna gabatlap, ulanmaga bermegi maksat edinýärler.Diýmek, şu ýyl Garaşsyzlyk baýramymyzyň uludan toýlanýan günlerinde welaýatymyzda ýene-de 80 sany maşgala Atalyk-gurluşyk hususy kärhanasynyň ezber elli gurluşykçylarynyň tagallalary netijesinde, döwletli ojagyň, ähli amatlyklary bolan döwrebap öýleriň eýeleri bolarlar.

Welaýat häkimliginiň goldamagynda Daşoguz şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda gurulýan bu ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygynyň güýçli depginlerde dowam edýändigini buýsanç bilen bellemek bolar.

Bu ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda kärhananyň baş inženeri Şyhnepes Ödäýewiň ýolbaşçylygynda gurluşyk meýdançasynyň başlygy Guwanç Annadurdyýew, iş öndüriji Sabyr Ahmedow, ussalar Esen Akçaýew, Myrat Myradow, gurluşykçylaryň topar ýolbaşçylary Baýramgeldi Ýesenow, Maksat Işmedow, kerpiç örüjiler Hangeldi Halmyradow, Döwran Myradow, Öredurdy Işmedow, Guwanç Borjakow, galyp we demir-beton işlerini ýerine ýetirýän işçiler Şatlyk Nazarow, Maksat Agaýew, Hamit Ahmedow, timarlaýyş we boýag işlerini alyp barýan gurluşykçylaryň topar ýolbaşçysy Bäşim Sarybaýew, suwagçylar Döwran Jumageldiýew, Wepa Sarybaýew, Mekan Babaýew dagynyň öwgä mynasyp işleri durmuşa geçirýändiklerine ol ýerde bolanymyzda biz has aýdyň göz ýetirdik.

Bu ýerde elektrik bilen kebşirleýjiler Nurgeldi Hojakulyýew, Saparmyrat Nuryýew hem-de elektrik ussalary Ibadulla Açylow, Aziz Gabizow dagynyň birleşen tagallalary netijesinde toplumda alnyp barylýan kebşirleýiş we gurluşyk-gurnama işleriniň ýokary hil derejesinde amal edilýändigini öz gözleriň bilen görmek has hem ýakymly.

— Häzirki zaman gurluşyk-gurnama işlerini kuwwatly tehnikalarsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Şonuň üçin beton garyjy awtoulaglaryň sürüjileri Hojadurdy Bjyýew, Amandurdy Guljanow, öz ýüküni özi düşürýän, ýük göterijiligi 20 tonna bolan awtoulaga erk edýän Yslam Rozmetow, ýük daşaýan hem-de öz ýüküni özi düşürýän 25 tonnalyk zamanabap kuwwatly awtoulagyň sürüjisi Ýazmyrat Akbaýew dagy her bir işde biziň ygtybarly hemaýatkärlerimizdir. Şeýle hem başy göge uzaýan belent-belent binalary gurmakda kuwwatly ýük göteriji ulaglaryň sürüjileri Gurbangeldi Dädebaýew, Bahram Japbarow hem-de diňli ýük göterijiniň maşinisti Şermet Kazakow dagynyň ýerine ýetirýän nusgalyk işleri esasynda biz öz iş meýilnamalarymyzy her aýda üstünlikli ýerine ýetirip gelýäris.

Olaryň ýük ýükleýji hem-de ýer gazyjy traktorlaryň sürüjileri Nurgeldi Halmyradow, Ýagşymyrat Pirjanow dagy bilen agzybirlikde çekýän zähmetleri netijesinde kärhanamyzyň gurluşykçylary tarapyndan alnyp barylýan depginli işler barha ilerlemek bilen — diýip, kärhananyň baş inženeri hoşallyk bilen aýtdy.

PAÝLY GURLUŞYK — YGTYBARLY GURLUŞYK

Arada ýolagçy awtobuslarynyň birine münüp, iş saparyna ugranymda, iki sany ýaşulynyň bu kärhana barada edýän gürrüňleri gulagyma ildi. Şonuň üçin hem olara golaý duranymy kem görmedim. Gürrüň kärhananyň ussat gurluşykçylary tarapyndan paýly gurluşyk esasynda ýylyň-ýylyna bina edilýän döwrebap ýaşaýyş jaýlary barada gidýärdi. Ýaşulularyň ak sakgallysy gaty dilewara meňzeýärdi. Ol ýoldaşyna:

— Paýly gurluşyk diýmek — bina şol jaýda ýaşajak adamlaryň hususy serişdesiniň hasabyna gurulýar diýmek. Özem uzak möhletleýin karzlaşdyryşyň hasabyna gurulýan jaýlara garanyňda, bu usulda bina edilýän jaýlar örän çalt ulanylmaga berilýär. Ýene-de bu jaýlar müşderileriň islegine görä gurulýar.

Paýly gurluşyk — ygtybarly gurluşyk diýmek. Çünki munda ähli gurluşyk işleri şol jaýda ýaşamaly adamlaryň gözegçiligi astynda alnyp barylýar.Jaýyň umumy bahasynyň töleginiň 30 göteriminiň öňünden tölenmegi bina gurýan gurluşyk kärhanalaryna işleri depginli alyp barmaga mümkinçilik berýär.

Galan tölegini bolsa iki ýylyň dowamynda töläbermeli. Ýene-de, şeýle gurluşyk ýoly bilen gurulýan jaýlaryň otaglary has giň hem ýaşamak üçin amatly bolýar.Meniň bir oglum şäherde Atalyk-gurluşyk kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edilen jaýlaryň birinde ýaşaýar.

Ynha, menem şu gün şonuňka agtyklarymy göreýin diýip, obadan myhmançylyga gelýärin.Eger şäherde barmaga ýeriň bolmasa, senem myhman alyp biljek, sakaldaş! — diýmek bilen, ol paýly gurluşygyň peýdaly taraplaryny düşündirip, gapdalynda oturan ýaşulyny şäherde täze alan jaýlaryna myhmançylyga çagyrdy.

Ýolagçy ýaşulynyň bu gürrüňlerinden paýly gurluşygyň peýdaly taraplary barada awtobusyň içinde barýan ýerimde men hem belli bir derejede özüme gerekli zatlary ýandepderçäme belläp aldym.

BAZAR BOLÇULYGYNA GOŞANT BOLAR

Kärhananyň Görogly etrabynyň Ýagtylyk geňeşliginiň çäginde ýylda 2 million bişen kerpiç öndürmäge mümkinçiligi bolan kerpiç zawodynyň bolşy ýaly, welaýatyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Magtymguly adyndaky geňeşliginde umumy eýeleýän meýdany 7 gektara barabar bolan gök-bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen ýyladyşhana toplumynyň gurluşygynyň hem güýçli depginlerde alnyp barylýandygyna ol ýerde bolanymyzda doly göz ýetirdik. Şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý toýuna gabatlanyp işe girizilmegi meýilleşdirilýän bu toplumyň gurluşygynda Türkiýäniň Seratek kompaniýasynyň gurluşyk önümleri ulanylýan eken.

Bu döwrebap toplumyň işe girizilmegi bilen, welaýatda halkymyzy ýylyň islendik döwründe ekologiýa taýdan arassa ter gök önümleri bilen üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler has hem rowaçlanar.Munuň özi kärhananyň ýolbaşçylarynyň Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda hususy telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak we ösdürmek ugrunda durmuşa geçirýän beýik işlerinden ruhlanyp, telekeçilik işini köptaraplaýyn ýola goýmak ugrunda alyp barýan gözlegli işleriniň nobatdaky subutnamasydyr.

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň: Biziň oba hojalygyndaky esasy maksadymyz, ilkinji nobatda, ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmekden hem-de bäsleşige ukyply, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini daşary ýurtlara ibermekden ybaratdyr diýen çuň many-mazmunly sözlerinden ugur alýan, ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan hususy telekeçilerimiz ýerlerde daýhan hojalyklaryny, hususy kärhanalary döretmek bilen, gök-bakja hem-de miwe önümleriniň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirip, ýurdumyzyň ak bazarlarynyň azyk bolçulygyna goşant goşmaga hem işjeň gatnaşýarlar.

Bagtyýarlyk eýýamynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmäge şular ýaly giň mümkinçilikleriň döredilmegi, bir tarapdan, kiçi we orta telekeçiligiň barha rowaçlyga beslenmegine getirse, ikinji bir tarapdan, ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösüşlerine hem öz oňaýly täsirini ýetirýär. Şeýle-de döwlet ykdysadyýetinde döwlete dahylsyz pudagyň, ýagny hususy telekeçiligiň tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda esasy ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

Kärhanada bolanymyzda, onuň ýolbaşçysy Berdi Atalykowdan geljekde ýer böleklerini uzakmöhletleýin kärendesine alyp, daýhan hojalygyny döredip, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek işine garaýşy bilen gyzyklandym. Şonda ol: Biziň ata-babalarymyz öz rysgal-berekedini mele toprakdan tapan, ýer bilen bagry badaşan adamlar bolan. Ýykylsaň ýere ýapyş, Çekseň zähmet — ýagar rehnet diýlişi ýaly, halal zähmet çekip, ýere hyzmat edip bilseň, ýerem öz berekedini kemsiz eçilýär.

Bereketli toprak hiç wagt hümmeti egsilmeýän hazyna. Şonuň üçin hem häzirki döwürde biz öz gurluşyk işlerimizden daşary, welaýatyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda 7 gektar meýdanda ýyladyşhana toplumyny gurýan bolsak, geljekde ýer böleklerini uzakmöhletleýin kärendesine alyp, daýhan hojalygyny döredip, gök-bakja we dürli görnüşli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegi hem meýilleşdirýäris.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde hem biz — telekeçilere uly ynam bildirýär. Şonuň üçin geljekde bu ugurda hem öz güýjümizi synap görmek, gök-bakja we dürli görnüşli azyklyk önümleri ösdürip ýetişdirip, ak bazarlarymyzda haryt bolçulygyny döretmäge goşant goşmak meýillerimiz bar diýip, öz geljekki maksatlary bilen tanyşdyrdy.

HAÝYRLY HEM UGURLY IŞLER

Pähimdar pederlerimiz ozaldan guýy gazyp, teşne gandyrmagy, bag ekip, miwe ýetişdirmegi hem-de bina gurup, il şatlygyna şärik bolmagy sogaply işler hasaplapdyrlar. Şonuň üçin hem Atalyk-gurluşyk hususy kärhanasynyň işgärleriniň öz döwletli tutumlarynyň başyny arassa agyz suw geçirijilerini gurmakdan başlamagy olaryň her bir işde halkymyzyň arkama-arka gelýän milli ýörelgelerine çäksiz hormat goýýandygyndan habar berýär.

Kärhananyň ussat gurluşykçylarynyň bagtyýarlyk eýýamynda öz elleri bilen bina eden, Daşoguz şäheriniň görküne-görk goşup duran döwrebap ajaýyp ýaşaýyş jaýlarynda bolsa häzirki Gahryman Arkadagly zamanamyzda bagtdan paýly, päk zähmetden serpaýly bagtyýar ildeşlerimiziň ençemesi döwletli döwranyň hözirini görüp ýaşaýarlar.

Kärhanada bolanymyzda, onuň ýolbaşçysynyň orunbasary Döwlet Atalykow edara binasynyň howlusynda bag zolagyny döretmek maksadynda öz elleri bilen eken miweli daragtlarynyň ýaş nahallaryny görkezdi.Munuň özi ýakyn wagtlarda bu ýerde, ýagny Atalyk-gurluşyk hususy kärhanasynyň dolandyryş edara binasynyň howlusynda görenleriň gözlerini özünde eglejek datly miweli baglaryň ösüp kemala geljekdiginden habar berýär.

Diýmek, kärhananyň agzybir agzalary halk arasyndaky Daragt ek, ömrüň saýaly bolar diýen pähime eýerip, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda badalga beren beýik işlerine-de öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şahyryň meşhur şygrynda:

Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär,Dünýäň kitabynda onuň ady bar

— diýip ýazyşy ýaly, bir düýp agaç ekmek, munuň özi tebigata öz adyňy ebedi ýazmak diýmekdir. Bize bu sözlerden soňra şular ýaly sogaply işleri durmuşa geçirýän kärhananyň agzybir işgärlerine mundan beýläk hem ata Watanymyzyň ösüşleriniň hatyrasyna alyp barýan telekeçilik işlerinde gadamlarynyň batly, menzilleriniň bolsa şöhratly bolmagyny arzuw edäýmek galýar.

Dädebaý NARTYÝEW,

žurnalist.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Malaý edebiýaty
Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary bellenildi