Muhammet Alynyň ýapynjasy söwdalaşyga çykarylar

Muhammet Alynyň ýapynjasy söwdalaşyga çykarylar

Rowaýaty boksçy Muhammet Alynyň asyryň tutluşygy adyny alan, Jo Freýzeriň garşysyna boks urşunda geýen mantiýasy 21-nji iýulda Dallasda geçjek auksiona çykarylar. Söwdalaşygyň başlangyç bahasy 969 müň ABŞ dollary diýip, The Daily Mail gazeti ýazýar.

Mantiýadan başga-da auksiona Muhammet Alynyň mahmal namaz başgaby hem çykarylar. Bu başgapda rowaýaty boksçy Freýzer bilen üçünji tutluşygyň öňüsyrasy metjide baryp namaz okapdyr. Geýimleriň ikisem telekeçi Troýa Kunineniň kolleksiýasyna degişlidir.

Asyryň tutluşygy 1971-nji ýylyň 8-nji martynda Nýu-Ýorkda boldy. Eminleriň biragyzdan gelen karary esasynda 15 raunddan soň Freýzer ýeňiji diýlip yglan edildi. Oýna 300 million adam tomaşa etdi.

1974-nji ýylyň ýanwarynda Aly Freýzerden utuklaryň sany boýunça üstün çykdy. Üçünji darkaş 1975-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda geçdi. Maniledäki triller adyny alan şol ýaryşda Aly 14-nji raundda tehniki nokaut bilen garşydaşyny ýeňdi.

Bu barada MIR24 ýazýar.

Ýene degişli makalalar

"Star Wars" filmindäki Şa gyzy Leýanyň geýen altyn bikini kostýumy auksionda satyldy
THÝ Dallasa Uçar Saparlaryny Guramaga Başlady
Los Anjeles Leýkers düzümine 2 ýyldyzy goşdy
Ýylyň iň köp pul gazanan türgenleri
Dünýäniň iň ýokary hak tölenýän türgenleriniň sanawy
ABŞ-da iki dogan öz maşgalalarynyň agzalaryny öldürenlerinden soň, öz janlaryna kast etdiler
Daşary ýurt metbugatyna syn