Muhadowyň goly Abdyş-Atany Gyrgyzystanyň Kubogynyň ýarym finalyna çykardy

Muhadowyň goly Abdyş-Atany Gyrgyzystanyň Kubogynyň ýarym finalyna çykardy

Abdyş-Ata 19-njy iýunda geçirilen futbol boýunça Gyrgyzystanyň Kubogynyň çärýek final oýnunda Algadan 2:0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşyk Kant şäherindäki Nitro-Arena stadionynda geçirildi. Bu barada Sport.kg ýazýar.

Duşuşygyň 40-njy minutynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň ozalky hüjümçisi Süleýman Muhadow topy Alganyň derwezesine dürs gönükdirip, hasaby açdy. Oýnuň esasy wagtyna emin tarapyndan goşup berlen minutlarda bolsa Erbol Abdujaparow Abdyş-Atanyň hasapdaky üstünligini 2 topa çykardy.

Şeýlelikde, 2:0 hasabynda garşydaşyndan üstün çykan Abdyş-Ata ýaryşyň ýarym finalynda oýnamaga hukuk gazandy. Ol ýarym finalda Talant — Dordoý jübütiniň ýeňijisi bilen güýç synanyşar.

Ýeri gelende bellesek, Abdyş-Atanyň düzüminde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Teýmur Çaryýew hem çykyş edýär.Gyrgyzystanyň häzirki çempiony hasaplanýan Abdyş-Ata 2024/25-nji ýyllaryň möwsüminde AFK-nyň Çagyryş kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder. Ýaryşyň saýlama tapgyrynda Abdyş-Ata 13-nji awgustda öz öýünde Owganystanyň çempiony Attack Energy kluby bilen oýnar.

Bu jübütiň ýeňijisi Aziýa yklymynyň klublarynyň arasyndaky üçünji derejeli ýaryş bolan AFK-nyň Çagyryş kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Mundan ozal, Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynda çykyş edýän klublaryň bäşisiniň Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň 2024/2025-nji ýyllaryň möwsüminde geçiriljek kuboklarynda çykyş etmäge mümkinçilik berýän AFK-nyň ygtyýarlandyrmasyny alandyklaryny hem-de Altyn Asyr toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 bäsleşiginiň saýlama tapgyrynda, Arkadag şäheriniň adybir Arkadag toparynyň bolsa AFK-nyň Çagyryş kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etjekdigini habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Süleýman Muhadow Alaýyň düzüminde ilkinji resmi duşuşygyna çykdy
20-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
TÝL ― 2024: Arkadag toparynyň ýeňşi, Balkanabatdaky deňlik
Altyn asyr AFK-nyň Çempiuonlar ligasy ― 2-niň saýlama duşuşygynyň öňüsyrasynda Hindistanda türgenleşýär
Altyn asyr AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-niň saýlama duşuşygynyň öňüsyrasynda Hindistanda türgenleşýär
7-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti