
Türkmenistanly hüjümçi Süleýman Muhadow täze topary ― Täjigistanyň Hujandy bilen ilkinji kubogyny gazanmaga ýakyn geldi, ýöne gazanyp bilmedi. Hujand Täjigistanyň Futbol ligasynyň kubogy ugrunda geçirilen ýaryşyň finalynda Hosilotdan asgyn geldi.
Gülüstan şäherindäki Bahorystan-1 stadionynda geçirilen duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Hosilot 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde 3:2 hasabynda ýeňiş gazanyp, arzyly kubogyň eýesi boldy.
Final duşuşygyna türkmenistanly hüjümçi Süleýman Muhadow hem gatnaşdy. Muhadowyň bu topar bilen şu ýylyň fewralynda şertnama baglaşandygyny ýatladýarys.