Türkiyäniň möhüm syýahatçylyk zolaklarynyň biri bolan Mugla welaýatyna şu ýylyň ilkinji 5 aýlyk döwründe gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň ýarysyndan gowragyny iňlisler emele getirdi.
Tebigy gözellikleri we gadymy şäherleri bilen ünsleri özüne çekýän 350 müň orunlyk Mugla welaýaty, şu ýyl hem ýerli we daşary ýurtly köp sanda syýahatçyny kabul etmäge dowam edýär.
Bodrum, Marmaris we Fethiýe ýaly meşhur syýahatçylyk zolaklaryny özünde jemleýän sebite isleg bildirýän syýahatçylaryň arasynda iňlisler ilkinji orunda durýar.
Welaýtyň Medeniýet we syýahatçylyk müdüri Hüseýin Toprak şähere gelýän myhmanlaryň gowy ýagdaýda kabul edilýändigini belläp: "1-nji ýanwar-31-nji maý aralygynda şähere gelen syýahatçylaryň sany 585 müň 108-e ýetdi. Şolaryň 306 müň 312-si iňlis syýahatçylardan emele gelýär.
Iňlislerden soň iň köp syýahatçy 50 müň 364 adam bilen Russiýa, 37 müň 405 adam bilen Polşa, 29 müň 702 adam bilen Germaniýa, 19 müň 17 adam bilen Gollandiýa we 142 müň 308 adam bilen beýleki ýurtlardan gelen syýahatçylardan emele gelýär" diýip habar berdi.
Hüseýin Toprak daşary ýurtly syýahatçylaryň sanynyň öňümizdäki aýlarda hem artmaga dowam etmegine garaşýandyklaryny mälim etdi.