Angliýada bir mekdepde okuwçylar dersleri mugallymdan däl-de, kompýuter programmasyndan öwrenerler.Emeli aň tehnologiýasyndan peýdalanyljak synpda okuwçylar depder we kitap hem ulanmazlar.Sapaklar diňe kompýuterden öwreniler.
Okuwçylar gulaklyk arkaly emeli aň tarapyndan düşündiriljek dersleri diňlärler. “Sabrewing” atly kompýuter programmasy iňlis dili, matematika, takyk we tebigy bilimlere degişli dersleri berer.Okuwçylar bellenen wagtda synp otagyna gelmeli bolarlar hem-de gulaklyklaryny dakynyp, kompýuteriň öňüne geçip, ders diňlärler.
Kollejiň müdiri Jon Dalton “Sabrewing” programasynyň okuwçylaryň sowallaryna adaty mugallym ýaly bada-bat jogap berjekdigini belleýär.
Şeýle-de bolsa, käbir ene-atalar mugallymsyz synpa şübhe bilen garaýarlar. Feras Aldalate atly zenan gyzy Massany mugallymsyz synpa ýazdyrypdyr. Aldalate ýanýoldaşynyň muňa garşy bolandygyny, emma gyzynyň we özüniň bu synpda okalmagyny goldaýandyklaryny aýdýar.