Mugallymlaryň agyr güzerany işine we çagalaryň bilimine erbet täsir edýär

Mugallymlaryň agyr güzerany işine we çagalaryň bilimine erbet täsir edýär

Türkmenistanda mugallymlaryň ortaça aýlygy walýutanyň gara bazar nyrhyndan 250 dollardan geçmeýär. Üstesine aýlyklardan tutulýan dürli tutumlar mugallymlaryň girdejisini hasam azaldýar we ýaşaýyş üçin ýeterlik serişde galdyrmaýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary mugallymlaryň Balkan we Mary welaýatlaryndaky ýagdaýy barada maglumat berýärler.

Türkmenistanda mugallymlaryň alýan aýlyklary ýaşamak üçin ýeterlik däl. Habarçylar munuň sebäbini ykdysady şertleriň durnuksyzlygy, bahalaryň yzygiderli ýokarlanmagy, aýlyklardan döwlet metbugaty ýaly resmi tutumlardan başga-da, gurluşyk, bejeriş, arassalaýyş, oba hojalygy ýaly dürli tutumlaryň sanawynyň köpelmegi bilen düşündirýärler. Bu tutumlar kagyz ýüzünde görkezilýän aýlyklaryň möçberini esli azaldýar.

"Klas otaglarynyň ähli çykdajylary mugallymlaryň üstüne atylýar. Mugallymlaryň ençemesi ene-atalardan pul ýygnasa, käbir mugallymlar öz aýlyk hakyndan remont edýärler. Mugallym her iki aýdan diýen ýaly prezidentiň suratlary, gerbiň, baýdagyň şekillerini çalşyryp durmaly bolýar. Ene-atadan pul köp çöplenip başlansa, ene atalar mugallymlaryň üstünden arza ýazýar, sebäbi çykdajylaryň sany gutarmaýar" diýip Marydaky habarçymyz aýdýar.

Habarçylar agyr iş şertlerini hem sebäpleriň biri hökmünde görkezýärler.

"Bir stawka üçin pedagog hepdesine 50 sagat okuwçylara sapak okatmaly. Bu 50 sagat birinjiden mugallym üçin gaty jebir bolýar, irden 8-de mekdebe baran mugallym öýlän 4-de 5-e çenli klaslarda dynman okatmaly. Öýüne baryp, çöregni iýip ýary gijä çenli konspekt ýazmaly bolýarlar" diýip, Balkan welaýatyndaky habarçymyz aýdýar.

Orta mekdebinde mugallymyň doly aýlygy 2000 manat töweregi, ýöne köpüsine doly stawkada işlemäge mümkinçilik berilmeýär we olaryň aýlygy 1000 manat töwereginde bolýar. Ýokary okuw jaýlarynda ortaça aýlyk 2500 manat möçberinde görkezilýär.

Umuman Türkmenistanda ortaça aýlyk 1010 manat derejesinde.

Habarçymyz, köpräk sagat almagyň her bir mugallyma miýesser etmeýändigini we her okuw ýylynyň öňüsyrasynda sapak paýlananda dawa bolýandygyny, sagatlaryň deň paýlanmaýandygyny belleýär.

"Kim öň mekdep direktoryna pul berip ýetişse, şolaryň sagady köp bolýar. Berilýän puluň mukdary ortaça 200-300$ aralygynda" diýip, habarçymyz Marydaky mekdepleriň ýagdaýyny suratlandyrýar we paranyň möçberiniň ortaça aýlyk hakyna barabardygyny aýdýar.

Habarçy sagat paýlananda mugallymlaryň tejribesine ýeterlik üns berilmeýändigi belleýär we pedagoglaryň arasynda çagalara zerur bilim bermeýänleriň duş gelýändigini aýdýar.

"Sapaklarda mugallymlaryň telefonlarynda oýun oýnap oturýandygyny ýa-da okuwçylara kitapdan depderlere göçürmegi tabşyryp, jaňa 15 minut galanda klasdan çykyp gidýän mugallymlar bolýar" diýip, Marydaky habarçymyz aýdýar.

Mejbury maddy çykdajylardan başga-da, mugallymlar, üstesine, öz dynç günlerinde arassaçylyk işlerine, ýowarlara, dürli dabaralara, resmi çärelere gatnaşmaly bolýarlar. Soňky aýlarda käbir mekdeplerde mugallymlaryň klaslaryndaky garyp çagalara maddy goldaw bermäge mejbur edilendigi habar berildi. Habarçylar häkimiýetleriň şunuň bilen soňky aýlarda köpelen dilegçiligi azaltmak isleýändigini habar beripdi.

Girdejileriň pesligi mugallymlaryň arasynda kärini taşlap, başga iş gözlemek, şol sanda gazanç üçin daşary ýurtlara gitmek islegleriň ýokarlanmagyna sebäpleriň biri bolýar. Koronawirus pandemiýasy bilen bagly çäklendirmeleriň gowşap başlamagyndan soň ýurduň daşyna çykmak islegleriň has göze ilýändigini habarçylar aýdýarlar.

Soňky aýlarda daşary ýurt pasportyny edinmek üçin nobatlar köpeldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Horwatiýa has köp syýahatça garaşýar
Balkanly lukmanlar: Koronawirus bilen keselleýän we bu keselçilikden ölýän çagalar köpelýär
Balkanly lukmanlar: Koronawirus bilen keselleýän we bu keselçilikden ölýän çagalar köpelýär
Türkmen raýatlarynyň ýurtdan çykmak üçin pasport we wiza almak şertleri kynlaşýar
Aliýew: "Azerbaýjan-Türkiye umumy uniwersitediň gurulmagy möhüm ähmiýete eýedir" diýdi
Türkmen migrantlarynyň Türkiýede galmak üçin toplamaly resminamalarynyň sany artdy