Mugallymlardan sapaklarda prezidentiň syýasatyny wasp etmek talap edildi

Mugallymlardan sapaklarda prezidentiň syýasatyny wasp etmek talap edildi

Täze okuw ýylynda mugallymlar öz sapaklarynda döwlet syýasatyny, ýurduň asudalygyny mahabatlandyrmaga borçly bolarlar. Bu barada mugallymlar üçin geçirilen usuly-amaly okuwlarynyň dowamynda aýyldy.

Türkmenabat şäherinde mugallymlaryň köpçülikleýin usuly-amaly okuwlary 8-nji awgustda welaýatyň baş bilim müdirliginiň dürli dersler boýunça kuratorlarynyň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Ýygnaga gatnaşan türkmenabatly mugallymlar Azatlyga anonimlik şertinde gürrüň berip, ýygnakda edilen talaplaryň mugallymlarda sorag dörendigini aýtdylar.

“Matematika ýa-da taryh, tapawudy ýok, islendik mugallym täze okuw ýylynyň ilkinji gününden başlap, prezidentiň alyp barýan syýasaty we onuň bitaraplyk statusy, ýurtdaky hem-de jemgyýetdäki asudalygy saklamakdaky uly roly barada hökmany suratda mahabat etmäge borçly. Bu barada bize buýruk berildi" diýip, mugallym aýtdy.

Täze okuw möwsüminiň öňýany mekdep mugallymlary üçin geçirlen ýygnaklaryň başynda, däp bolşy ýaly, duşuşyklar döwlet telewideniýesi we ýerli habar beriş serişdeleri üçin ýazga alyndy.

"Müdirligiň wekilleri mugallymlar bilen hamala wajyp meseleleri orta alyp maslahatlaşýan ýaly kameranyň öňünde dürli pozalarda surata düşürildi. Sýomka tamamlanandan soň, müdirligiň kuratorlary bilim ministrliginden gelen buýruk barada gürrüň berip başlady" diýip, türkmenabatly mugallymlaryň ýene biri gürrüň berdi.

Usuly-amaly okuwlaryň ilkinji gününde geçirilen ýygnakda, çykyş eden bilim ýolbaşçylary Orsýetiň Ukrainadaky urşy barada gürläpdir.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan mugallymlar köpçülikleýin ýygnaklarda beýleki döwletleriň syýasatyny orta alyp maslahat etmegiň Türkmenistanda adaty ýagdaý däldigini bellediler.

“Serediň, dünýä bulaşyk. Nirä seretseň uruş. Ukraina näçe ýyldan bäri Orsýetiň gaharyny getirip ýör, ahyrsoňy Orsýet çydamady. Şonuň üçin Bitaraplygymyza şükür ediň! Asuda asmanymyz bar. Biz hem çagalara her sapakda bitaraplygy we prezidentimiziň parahatçylykly syýasatyny mahabatlandyrmaly, olary watan söýüji edip ýetişdirmekde elimizden gelenini etmeli" diýip, mugallym ýygnakda çykyş eden resmileriň birini sitirledi.

Azatlyk bilen gürleşen türkmenabatly mugallymlar özlerinden edilen talaba we hususan-da, iş tertibine bagyşlanan ýygnaklaryň gün tertibinde geosyýasat barada gürrüň edilip, iki döwletiň arasyndaky konflikt barada belli bir pikiri mugallymlara kabul etdirmek synanyşygyna nägilelik bildirdiler.

"Bitaraplyk diýen bolýarlar. Ýöne Ukraina bilen Orsýetiň arasyndaky uruşda kimiň günäli ýa-da günäli dälligi barada näme sebäpden açyk gürrüň edilenligi maňa düşnüksiz boldy. Öňler beýle zatlar bolmazdy. Bu gürrüňleriň usuly okuwlar bilen nähili arabaglanyşygyň bardygyna kärdeşler düşünmedi” diýip mekdep mugallymy aýdýar.

Türkmenistan Orsýetiň Ukrainada 2022-nji ýylyň fewralyndan bäri alyp barýan uruşy barada resmi pozisiýasyny şu çaka çenli mälim etmedi. Türkmen mediasy uruş barada habarlary çap etmeýär we hatda urşyň gidýändigini düýpden agzaman gelýär.

Lebap welaýatynyň bilim müdirligindäki çeşme döwlet propagandasynyň bilim prosesine aralaşmagynyň çagalaryň terbiýesi we mugallymlaryň iş tertibi üçin gowy däl diýip, hasap edýändigini aýtdy.

“Çagalary uruş bilen gorkuzmak bilen watany we prezidenti söýdürip bolarmy? Watany söýmäne öwretmek aslynda dogry zatmy? Sentýabr aýyndan başlap, mugallymlaryň konspektlerinde watansöýüjilik bilen baglanyşykly sözleriň bolmaklygyny hem talap edip başlarlar" diýip, bilim resmisi anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Türkmenistanyň prezidentiň we onuň maşgala agzalarynyň şahsyýet kultunyň fonunda döwlet syýasatyny mahabatlandyrmagyň görnüşleri gitdigiçe köpelýär.

Türkmen metbugatynda ýyllarboýy alnyp barylýan propagandanyň fonunda ýurduň okuw jaýlarynda, edara-kärhanalarynda Berdimuhamedowlaryň yzly-yzyna çap edilýän kitaplaryny öwrenmek we satyn almak mejburlygy saklanýar. Ýurt ýolbaşçylaryny wasp etmek üçin tutuş ýurt boýunça köpçülikleýin çäreler geçirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly talyplar 31-nji halkara matematika bäsleşiginde dürli derejedäki medallara mynasyp boldular
Nazir Habibowyň täze klibi, bilim ulgamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar pugtalandyrylýar, 2023-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek medeni çäreleriň maksatnamasy we beýleki habarlar
Bizi bagyşla!
Aşgabatdaky Bilim nokady bilim merkezi tomusky okuw sapaklarynda arzanladyşdan peýdalanmagy teklip edýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Geljek okuw ýyly üçin Türkmenistanda täze okuw kitaplary taýýarlanyldy