Mugallymlar özlerine amatly wagtda dynç alyşa çykmak üçin mekdep müdirlerine para bermeli bolýarlar

Mugallymlar özlerine amatly wagtda dynç alyşa çykmak üçin mekdep müdirlerine para bermeli bolýarlar

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde mekdep mugallymlary tomusky dynç alyş günlerinde özlerine amatly wagtda zähmet rugsadyna çykmak üçin, müdirlere bikanun pul bermäge mejbur bolýarlar. Zähmet rugsadyny tassyklatmagyň bahasy käbir mekdeplerde 400 manada çenli çykyp bilýär.

“Türkmenabat şäherindäki birnäçe mekdebiň mugallymlary, şol sanda 3, 5, 6, 14, 15, 20, 21, 26, 27 we 28-nji mekdeplerde mugallymlar kanuny zähmet rugsadyna gitmekçi bolanlarynda garaşylmadyk kynçylyklara duçar bolýarlar.

Bu mekdepleriň müdirleri zähmet rugsadyna gol çekmek üçin, para talap edýärler.Eger ýüz öwürseler, mugallymlar amatly wagtda dynç alyşa gidip bilmeýärler” diýip, bir magaryf işgäri anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde maý aýynyň ahyrynda 2023/2024-nji okuw ýyly tamamlandy, iýunyň birinji ýarymynda döwlet synaglary hem netijelendi we okuwçylar tomusky dynç alyşa çykdylar.

Türkmenabat şäheriniň orta mekdeplerinde 20-22-nji iýun aralygynda uçurymlara orta bilim şahadatnamalaryny gowşurmak dabaralary geçirilipdir.

Dynç alyş möwsüminde bilim we terbiýeçilik işgärleri hem zähmet rugsadyndan peýdalanýarlar.

Gündogar sebitde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan magaryf işgärleri zähmet rugsadynyň seneleriniň bellenilmeginde korrupsiýanyň, tanyşparazlygyň we paranyň möhüm rol oýnaýandygyny aýdýarlar.

Döwlet strukturalarynda täsirli garyndaşlary bolan mugallymlar, kärdeşleriniň sözlerine görä, zähmet rugsadyna çykmakda aýratyn hukuklardan peýdalanýarlar we eýýäm iýun aýynyň başlarynda nobata durmazdan dynç alyşa çykyp bilýärler.

Beýleki mugallymlaryň birnäçesi özleri üçin amatly wagtda zähmet rugsadyna çykmakda mekdep müdirlerine para bermäge mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar.

“Zähmet rugsadyna çykmak babatynda kanuny hukuklarymyzdan peýdalanmak üçin, para bermäge mejbur edilmegimiz bilim ulgamyna bolan ynamy pese gaçyrýar we korrupsiýany höweslendirýär” diýip, bilim işgäri aýdýar.

“Mugallymlar rahat dynç almak babatynda adalatsyzlyga duçar bolmaly däl” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Bu aralykda, mekdep müdirleri tomus paslynda bilim ojaklarynyň öz işlerini dowam etdirip bilmeklerini üpjün etmäge çalyşýarlar.

“Mekdepler döwlet edaralary bolup, olar boş durmaly däl. Ýokardan jaň gelse, kim jogap berer? Dynç alýandygyma garamazdan, men hem mekdebe gelmeli bolaryn” diýip, bir mekdep müdiri mugallymlara ýüzlenýär.

Ýöne mekdeplerde mugallymlaryň dynç alyş seneleriniň paýlaşylýan pursatlary, birnäçe mugallymyň sözlerine görä, edil auksiony ýada salýar.

“Käbir mekdepler hakyky auksionlara öwrülýär, bu ýerde mugallymlar amatly wagtda dynç almak hukugy barada şertnama baglaşýarlar. Has köp mukdarda para teklip edip bilýän adamlara artykmaçlyk berilýär. Galanlary bolsa, öz paýyna düşen seneler bilen kanagatlanmaly bolýarlar” diýip, bir mugallym Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi we zähmet rugsadynyň parasynyň käbir mekdeplerde 400 manatdan hem aşýandygyny aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.

Onuň sözlerine görä, mugallymlaryň ençemesi esasan tomsuň birinji ýarymynda zähmet rugsadyna çykmagy amatly hasaplaýarlar. Olar bu döwürde howanyň has yssy bolýandygyny, tomsuň ikinji ýarymynda mekdeplere dolanyp baryp, täze okuw ýylyna taýýarlyk görmegiň has netijeli bolýandygyny aýdýarlar.

Ýöne mugallymlar zähmet rugsadyna çykmagy hem onuň arakesmesiz dynç alyp biljekdiklerini aňlatmaýar. Mugallymlar tomusky dynç alyş möwsüminiň dowamynda islendik wagtda özleriniň haýsydyr bir köpçülik çäresine gatnaşmak üçin, mekdebe çagyrylyp bilinýändigini aýdýarlar.

Lebap welaýatynyň baş bilimi müdirligindäki bir çeşmäniň sözlerine görä, mekdeplerde zähmet rugsadynyň paýlanyşygynda bikanun hereketlere ýol berilmegi mugallymlaryň zähmet hukuklarynyň berjaý edilmeýändigini görkezýär we şeýle hereketler kanunylyga ters gelýär.

“Aslynda dynç alyş meselesi zähmet kanunçylygy we köpçülikleýin şertnamalar bilen düzgünleşdirilmelidir we paranyň barlygyna ýa-da ýoklugyna bagly bolmaly däldir. Ýöne birnäçe onýyllygyň dowamynda bu ýagdaý däbe öwrüldi we hiç kim hukuk goraýjy edaralara arz etmeýär.

Arz-şikaýatlar beýan edilen halatynda hem, şikaýat bildiren mugallyma garşy ähli administratiw güýçler herekete geçýär we mugallymy işlemez ýaly edýärler” diýip, welaýat bilim müdirligindäki çeşme aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabatda täze ýylyň ilkinji hepdesinde birnäçe ogurlyk boldy
Täze ýyla çenli ähli işleriňi nädip dynmaly
​​​​​​​ Farenžitde tebigy bejergi usullary…
Futzal boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryş geçiriler
Gyş paslyna garamazdan, Awaza ýollanma satyn almak üçin býujet işgärlerinden pul toplanýar
Türkmen häkimiýetleri Täz ýyla taýýarlanýar, arça we bezeg üçin ilatdan pul toplaýar