Mugallymçylyk institutynyň talyplary: Mugallym taýak bilen dabanymyza we bilimize urýar

Mugallymçylyk institutynyň talyplary: Mugallym taýak bilen dabanymyza we bilimize urýar

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary özleriniň käbir mugallymlar tarapyndan psihiki we fiziki kemsitmelere, şol sanda urlup-ýenjilmelere yzygiderli sezewar edilýändiklerini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan talyplaryň ençemesi bu barada ýokary okuw jaýynyň (ÝOJ) ýolbaşçylaryna edýän şikaýatlarynyň asla diňlenmeýändigini hem belleýär.

“Käbir mugallymlar talyplaryň mertebesini peseldýärler we urýarlar.Soňky gezek maý aýynyň başynda pylany mugallym [red: adyny bermekden saklanýarys] oglanlary otagyna salyp, olaryň aýagynyň aşagyna we biline ukazka taýagy bilen urdy.

Ol “men sizi adam ederin, para berip, okuwa giren ýer çeken tupoýlar.Ataňyzyň puly kän bolany üçin okuwa girdik diýip, diňe san bolup ýörsüňiz” diýdi. ÝOJ-y koloniýa öwürdiler” diýip, ýokary okuw jaýynyň bir talyby gürrüň berdi.

Azatlykda gürrüňi edilýän mugallymyň ady we familiýasy, şeýle-de ÝOJ-da haçandan bäri işleýändigi we haýsy fakultetde haýsy sapakdan okadýandygy barada doly maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.

ÝOJ-yň talyplary özleriniň gürrüňi edilýän mugallym we başga-da birnäçe mugallym tarapyndan fiziki we psihiki zorluga sezewar edilmegi bilen bagly ýagdaýyň yzygiderli görnüşde, ýyllarboýy dowam edýändigini aýdýarlar.

Olaryň tassyklamagyna görä, bular okuw ýa-da beýleki ýagdaýlar bilen bagly islendik meselede we islendik wagtda ýüze çykyp bilýär.

“Mugallymlar ýowara çykmandygy, leksiýa, seminar we laboratoriýa depderini doldurmandygy, öz pikirini aýdandygy we şuňa meňzeş sebäpler üçin olaryň mertebesini peseldip, olary fiziki we psihiki zorluga sezewar edýärler” diýip, ÝOJ-yň ýene bir talyby belledi.

Psihiki we fiziki kemsitmelere diňe talyp oglanlar däl, eýse gyzlar hem sezewar edilýärler. Talyp gyzlaryň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, bu kemsitmeler ÝOJ-yň Zenanlar guramasynyň başlygy we aýal mugallymlar tarapyndan amal edilýär.

“Olar jelep, künti ýaly paýyş sözler bilen gyzlary kemsidýärler.Mugallyma jogap bereniňde, gyzlaryň ýüzüne şarpyk urulýan wagtlary hem bolýar.Gyzlar goşmaça saç dakynmasalar, ýa-da şaý-sep dakynsalar, köýnegi aşa uzyn bolup, bir az ýere degýän bolsa, kemsitmelere sezewar edilýärler.

Hatda soňky birnäçe ýylyň dowamynda edil mekdeplerdäki ýaly ene-atalar ýygnagy geçirilýär we şol ýerde talyplaryň mertebesine degýärler” diýip, ýokary okuw jaýynyň başga bir talyby gürrüň berdi.

Talyplar bu ýagdaýlar bilen bagly kafedra müdirine, dekana yzygiderli ýüzlenendiklerini, ýöne arzlarynyň diňlenmändigini aýdýarlar. Olar “mugallymyň kemçiligini tapar ýaly kim siz how” ýaly jogap alýandyklaryny belleýärler.

“Rektora ýa-da terbiýeçilik işler boýunça orunbasaryna ýüz tutar ýaly däl.Olar özlerini Alla ýaly alyp barýarlar. ÝOJ-yň esasy binasyna girip, rektora ýüz tutjak diýeniňde, administrasiýada işleýänler “Bar gümüňi çek şu taýdan, kän gürleme” diýip, kowup goýberýärler.

Bizi halys gul hatarynda görýärler.Biz para berip giren bolsak hem, biziň ynsan mertebämizi beýle derejede depelemek bolarmy?Hamala bizden ar alynýan ýaly” diýip, ÝOJ-yň talyby belledi.

Talyplar hukuk goraýjy edaralara ýüz tutup, ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary barada habar bermäge gorkýandyklaryny, sebäbi özleriniň okuwdan çykarylmagyndan alada edýändiklerini hem belleýärler.

“Talyplaryň aglabasy para berip okuwa giren, olarda bahana tapyp okuwdan çykararlar we ene-atasynyň beren on müňlerçe dollar parasyny boşuna köýdürmek gorkusy bar. Sistema hem mundan peýdalanýar. Talyplar nirä arzyny aýtjagyny bilmän, Azatlyk Radiosyndan bu ýagdaýlary köpçülige aýan etmegi soraýar. Biz adam, biz gul däl, biziň sesimizi hem köpçülige ýetiriň” diýip, talyplar habarçymyza beren maglumatynda belleýärler.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada agzalýan ÝOJ-dan we welaýat Baş bilim müdirliginden telefon arkaly teswir almaga çalyşdy. Ýöne redaksiýanyň 23-nji maýda yzygiderli eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Türkmenistanyň ÝOJ-larynda talyplaryň dürli psihiki we fiziki kemsitmelere sezewar edilýändigi barada Azatlyk mundan ozalky ýyllarda hem ençeme gezek maglumat beripdi. Talyplaryň ençemesi özlerine paýyş sözler aýdylyp, ýüzüne şarpyk çalynmagy bilen bagly ýagdaýlaryň bardygy barada gürrüň beripdi. Bu ýagdaýlar orta mekdeplerde hem ýüze çykýar.

“Ýaşlar watanyň daýanjy”, “Arkadagly ýaşlar” ýaly şygarlary yzygiderli tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri bu ýagdaýlar barada asla gürrüň gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan: Adam hukuklary babatda esasy wakalara we tendensiýalara syn
15.12.2018 | Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi açyldy
Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi açyldy
Orsýet global internet bilen baglanyşygyny wagtlaýyn kesmegi planlaşdyrýar
Prezident 'oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini' tassyklady, synçylar 'sistemany üýtgetmeli' diýýär