Müsüriň prezidenti Türkiye bilen ýurdunyň arasyndaky gatnaşyklar barada beýanat berdi

Müsüriň prezidenti Türkiye bilen ýurdunyň arasyndaky gatnaşyklar barada beýanat berdi

Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň resmi çakylygyna laýyklykda Ankara gelen Sisi, X hasabyndan beren beýanatynda Türkiyä guraýan saparyndan we prezident Erdogan bilen duşuşmak mümkinçiliginden hoşaldygyny habar berdi.

Müsür bilen Türkiyäniň arasyndaky taryhy gatnaşyklaryň bardygyna ünsleri çeken Sisi, Mustafa Kemal Atatürk tarapyndan esaslandyrylan günden bäri Türkiye bilen Müsüriň arasynda güýçli syýasy gatnaşyklaryň bardygyny beýan etdi.

Sisi şu günki Ankara saparynyň we prezident Erdoganyň ozal Kaire guran saparynyň, Müsür bilen Türkiyäniň arasynda täze bir dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny başladýandyklaryny mälim etdi.

Müsüriň prezidenti Sisi Türkiyäniň we Müsüriň sebitleýin we halkara çarçuwadaky möhüm rollaryna esaslanyp, iki ýurduň doganlyk halklarynyň tamalaryna laýyk gelýändigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Abbas Bilen Abu Geýt Palestinada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy
Müsür Gaza Sektorynda Hüjümleriň 2 Gün Möhlet Bilen Bes Edilmegini Teklip Etdi
Sisiniň Ankara Sapary
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Müsür bilen ÝB-niň arasynda 67,7 milliard ýewro möçberinde ylalaşyk şertnamasy baglaşyldy
Müsüriň Prezidenti Sisi, Ýewropa Ýurtlarynyň Ysraýyla Basyş Etmegini Isledi