Müsüriň prezidenti Türkiyä geldi

Müsüriň prezidenti Türkiyä geldi

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň çakylygyna laýyklykda, Müsüriň prezidenti Abdulfettah as-Sisi şu gün ilkinji gezek Türkiyä resmi sapar guraýar.

Esenboga howa menzilinde prezident Erdogan tarapyndan garşylanan Sisi üçin Prezidentiň kompleksinde resmi garşylama dabarasy geçiriler.

Iki kärdeş Türkiýe-Müsür Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatyna ýolbaşçylyk eder.

Iki ýurduň arasynda 10 milliard dollara barabar bolan söwda mukdarynyň 15 milliard dollara ýetirilmegi maksat edinilýär.

Saparyň çäginde energetika, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we goranyş pudagy boýunça ediljek uzak möhletli hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Ysraýylyň Gazada edýän gyrgynçylygy we sebite berilýän ynsanperwer kömegi meselesi hem gün tertibine getirler.

Erdogan bilen Sisi, hüjümleriň gyssagly bes edilmegi we sebitde parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin ediljek bilelikdäki tagallalar hakynda hem pikir alyşar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Müsürden 12 Ýyl Soň Prezident Derejesinde Ilkinji Sapar Guralar
Sisiniň Ankara Sapary
Müsüriň prezidenti Türkiye bilen ýurdunyň arasyndaky gatnaşyklar barada beýanat berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Müsüriň Prezidenti Sisi, Ýewropa Ýurtlarynyň Ysraýyla Basyş Etmegini Isledi