Müsüriň Garşy Durmalary

Müsüriň Garşy Durmalary

Türkiýe-Müsür gatnaşyklaryň gaýtadan strategik ýaranlyga öwrülýän döwrüne gadam basdy. Iki ýurtda-da çaknyşmak däl, eýsem umumy bähbitleri ileri tutýan ygtyýar bar. Bu taýda sebitleýin garşy durmalar we içerki meseleler esasy orny eýeleýän bolsa, Müsür üçin Türkiýe gatnaşyklaryny gaýtadan kadalaşdyrmak üçin düýpli mejbur ediji sebäpler bar. Müsür birnäçe ugurda agyr çökgünligi başdan geçirýär.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Müsürde başdan geçirilen harby agdarlşykdan soň Abdulfattah al Sisi Prezident hökmünde täze bir dolanşyk döretdi. Aslyna garalanda dowam edýän dolanşyk, Müsürde agdarlyşykdan öňki ulgama dolanyp barylmagyny aňladýar. Harby elitalar we kazyýet býurokratiýasynyň bir bölegi ýaly dürli güýç merkezleriniň häkimiýetindäki ulgam. Syýasy ulgam käbir kynçylyklar bar hem bolsa, barlygyny dowam etdirýän bolsa-da esasy bökdençlik ykdysady ulgamda.

Müsüriň ykdysadyýeti uly çökgünligi başdan geçirýär. Ýurduň agyr daşary söwda ýetmezçiligi bilen bilelikde Sisiniň dolanşygynda 160 milliard dollarlyk daşarky karz ýüze çykdy.Merkezi bank ätiýaçlary daşardan gelen swaplar bilen işini dowam etdirýär.

Emma daşarky karzy maliýeleşdirmekde kynçylyk çekýär.Müsür Halkara pul gaznasy bilen şertnama baglaşdy we häzirki wagtda Argentinadan soň HPG-na karzy bolan ikinji ýurt.Täze karz bölegi üçin HPG agyr şertleri öňe sürýär.

Esasanda ykdysadyýetde harby goşunyň gigomoniýasynyň tapgyrlaýyn häsýetde-de bolsa ortadan aýrylmagy, pul birligi Juneýhiň hümmetiniň aşaklamagy we strategik pudaklar bilen bilelikde hususylaşdyrma boýunça talaplar bar.Bar bolan ulgam bu talaplary ýerine ýetirmekde islegli görünmeýär.

Aýlag ýurtlaryndan alynan karzlar hem belli bir çäge ýetdi we başga serişdäniň gelmegi mümkin däl.Golaýda Sisinin beýan edişi ýaly Suweýş kanalyndan alynýan ýyllyk 10 milliard dollar girdejiniň azyndan ýarysy husileriň hüjümleri sebäpli ýok bolýar.

Ortaça müsürleriň satyn alyş güýji günsaýyn azalýan bolsa, esasy durmuş harytlary gara bazara düşýär.Müsür Juneýhi bolsa resmi we köçe bazary hökmünde iki nyrha eýe.Juneýhiň hümmeti köçede tas ýary bahasyna…

Geosyýasy taýdan-da uly howplar bar.Sudanda dowam edýän içerki urşuň Müsüriň ykdysadyýetine täsiri uly.Bosgun akymy emele gelýär.Efiopia bilen dowam edýän bent düşnüşmezligi Müsüriň suw üpjünçilik howpsuzlygyna wehim salýar.

Libiýadaky syýasy we harby bölünşik, Müsüriň bähbitlerine ýaramaz täsir ýetirýär.Esasy ýakyn howp bolsa Gazadan abanýar.Ysraýylyň Gazada edýän pajygaly gyrgynçylyklarynyň esasy maskady sebiti ilatsyzlaşdyrmak we gazalylary Müsüriň Sina ýarym adasyna sürmek.

Ol ähli tarapdan Müsüriň milli howpsuzlygy üçin uly wehim.

Şeýlelikde Türkiýe-Müsür strategik ýaranlygy iki ýurt üçin hem möhüm we gymmatly bolsa hem, Müsür taýdan has zerur. Müsür hem ykdysady hem-de geosyýasy howplara garşy Türkiýe bilen ýaranlykdan uly bähbitler gazanyp biler.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Halkara pul gaznasynyň geňeşçisi bilen duşuşyk geçirildi
2023-nji ýylda Türkmenistanyň eksportynyň $15,6 milliard boljakdygy çaklanylýar
2024-nji ýylda Türkmenistanyň eksportynyň 15,1 milliard dollara ýetmegine garaşylýar
HPG: 2023-nji ýylda Türkmenistanyň eksporty $15,6 milliard bolar
Hytaý Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde möhüm ösüş güýji bolmagynda galýar
HPG dollardan kem-kemden ýüz öwrülýändigini hasaba aldy