Müsüriň Daşary işler ministri Bedr Abdulati şu gün Türkiyä sapar gurar

Müsüriň Daşary işler ministri Bedr Abdulati şu gün Türkiyä sapar gurar

Duşuşykda Müsür-Türkiye gatnaşyklarynyň ähli taraplaýyn ele alynmagyna, 2026-njy ýylda meýilleşdirilýän Ýokary derejeli strategiki hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatynyň we ýakyn döwür üçin meýilnamanyň düzülip taýýarlanmagy bilen bagly ugurlaryň maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Şoňa laýyklykda Gaza we Siriýa, şeýle hem Liwiýa, Afrika we Sahel ýaly sebit meseleleri boýunça geňeşmeler geçiriler.

Ministr Fidan 2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda D-8 Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň maslahaty mynasybetli Kair şäherinde saparda bolupdy.

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklar sebäpli ýygy-ýygydan duşuşyklar geçirýän ministr Fidan we müsürli kärdeşi Abdulati soňky gezek 12-nji ýanwarda Riýatda geçirilen Siriýa maslahatynyň çäginde duşuşyk geçiripdiler.

Ýene degişli makalalar

Gündogar Ortaýer Deňizi Dartgynlaşýar
Erdoganyň Müsüre Sapary we Türkiýe-Müsür Gatnaşyklary
Türkiýe- Müsür Gatnaşyklary
Türkmenistan syýahatçylyk ministrleriniň Yslam konferensiýasynyň XII mejlisine gatnaşdy
Türkiyäniň Afrika ýurtlaryna eksporty artýar
Ysraýylyň çäklendirmeleri ynsanperwer kömeginiň diňe 30 göteriminiň Gaza ýetirilmegine sebäp bolýar