12 ýyl soň Müsürden prezident derejesinde Ankara ilkinji sapar guralar.
Müsüriň Prezidenti Abdulfettah as Sisi şu gün Prezident R. T. Erdoganyň myhmany hökmünde Türkiýä ilkinji resmi saparyny gurar.
Prezident Erdogan kärdeşi Sisini Beştepede resmi dabara bilen garşylar.
Iki kärdeş Türkiýe-Müsür Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatyna ýolbaşçylyk eder.
Iki ýurduň arasynda 10 milliard dollara barabar bolan söwda mukdarynyň 15 milliard dollara ýetirilmegi maksat edinilýär.
Saparyň çäginde energetika, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we goranyş pudagy boýunça ediljek uzak möhletli hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Ysraýylyň Gazada edýän gyrgynçylygy we sebite berilýän ynsanperwer kömegi meselesi hem gün tertibine getirler.
Erdogan bilen Sisi, hüjümleriň gyssagly bes edilmegi we sebitde parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin ediljek bilelikdäki tagallalar hakynda hem pikir alyşar.