Müsürde ýyldyzly asmanyň gadymy katalogynyň parçasy tapyldy

Müsürde ýyldyzly asmanyň gadymy katalogynyň parçasy tapyldy

Kembrij uniwersitetiniň, Sorbonnanyň uniwersitetiniň we Fransiýanyň Ylmy- barlaglar boýunça milli merkeziniň alymlary Müsürdäki prawoslaw Keramatly Ýekaterina monastyrynyň orta asyr golýazmalarynyň arasyndan gadymy ýyldyzly asmanyň katalogynyň bölegini tapdylar. Bu barada Katimerini grek gazeti habar berdi diýip, MIR 24 ýazýar.

Hünärmenleriň sözlerine görä, kartany gadymy grek astronomy Gipparh Nikeýli düzüpdir we ol asmandaky ýyldyzlar barada öň belli bolan kataloglaryň arasynda iň gadymy bolup durýar. Ele salnan parçada Demirgazyk Täç ýyldyzlar toparynyň anyk ugurlary görkezilýär.

Golýazmanyň tapylan ýeri bolan Keramatly Ýekaterinanyň monastyry Sinaý dagynda ýerleşýär. Ol VI asyrda gurlupdyr we häzirki döwürde üznüksiz hereket edip gelýän iň gadymy hiristian monastyrydyr. Onuň kitaphanasynda 160-dan gowrak has irki golýazmalar saklanýar.

Ýene degişli makalalar

78 ýyl ozal şu gün ilkinji duşuşyk geçirilipdi
Arassa girdejisi peselenden soň, Nike-yň paýnamalary 14% diýen ýaly arzanlady
Nike kompaniýasynyň girdejileri 22 göterim azaldy
Nike robota krossowkany arassalamagy öwretdi
Brandcoll müşderilere ähli gerek harydy bir ýerde hödürleýär
Türkmenistan Germaniýa howa gatnawlarynyň tertibi, ahally bagban ekzotiki miwe ösdürip ýetişdirýär, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy halkara pasportlaryny resmileşdirmegi bes etdi