Müsürde otly çaknyşygynda 20 adam ejir çekdi

Müsürde otly çaknyşygynda 20 adam ejir çekdi

Müsüriň merkezi bölegindäki El-Minýa ülkesinde iki ýolagçy otlusy çaknyşyp, azyndan 20 adam ejir çekdi. Bu barada ýurduň Saglygy goraýyş ministrligine salgylanýan Report habar berdi. Habarda şikes alanlaryň hassahanalara ýerleşdirilendigi aýdylýar.

Ýerli Al-Youm as-Sabia portalynyň ýazmagyna görä, düýn Kaire ugran ýolagçy otlusy beýleki otlunyň lokomotiwi bilen çaknyşyp, iki wagon ýoluň ýakasyndaky suw kanalyna gaçdy.

Heläkçiligiň sebäpleri seljerilýär.

Ýene degişli makalalar

Balkanda dem alyş ýollarynyň keselçiligi ýaýraýar, ölüm hadysalary barada habar berilýär
DKTR-da Bolan Ýol Heläkçiliginde 1 Esger Şehit Boldy
Eýranda Bolan Awtobus Heläkçiliginde Pakistanly 28 Adam Ýogaldy
Garabogazda ýol heläkçiliginde Ýokary gözegçilik edarasynyň iki işgäri heläk boldy
Aşgabat-Daşoguz gara ýolunda bolan ulag hadysasynda dokuz adam heläk boldy
Nepalyň howa gullugy edarasy uçar heläkçiliginde 18 adamyň pida bolandygyny tassyklady