Müsürde iň uly Gün elektrik bekedi guruldy

Müsüriň günortasyndaky Asuan welaýatynda Abydos 1 Gün elektrik stansiýasy açyldy.Bu elektrik stansiýasy Ýakyn Gündogarda we Afrikada iň uly beketdir diýip, Müsüriň hökümeti habar berdi.Müsüriň Premýer-ministri Mustafa Madbuli, Kom-Ombo çölünde Abydos 1 Gün elektrik bekedini açdy diýlip, ýurduň Ministrler Kabinetiniň habarynda aýdylýar.

Gün elektrik stansiýanyň kuwwatlylygy 500 megawatt bolup, oňa 500 million dollar maýa goýuldy. 10 müň inedördül metr çäkde ýerleşýän beket, iki sany esasy transformatordan ybarat bolup, olar Ýakyn Gündogarda hem-de Afrikada iň uly desgalardyr.

Taslama 1,5 ýylda amala aşyrylyp, oňa Emirlikleriň AMEA Power kompaniýasy gatnaşdy.Müsüriň Hökümeti 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň paýyny 42 göterime ýetirmegi maksat edinýär diýlip, habarda bellenilýär. /* custom css */ .td_uid_15_67680170a6f6e_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67680170a6f6e_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Müsürde Ýakyn Gündogardaky iň uly Gün elektrik bekedi açyldy
FIFA Klublar Dünýä Kubogy 2025-iň bijeleri çekildi
Müsüriň Daşary işler ministri Bedr Abdulati şu gün Türkiyä sapar gurar
Mustafa Ali Mehmet
Finlýandiýanyň Prezidenti Stubb TBMM-niň Başlygy Numan Kurtulmuş Bilen Duşuşdy
Finlýandiýanyň Prezidenti Ankara Geldi