Howanyň üýtgemegi bilen bagly bütindünýä sammiti düýn Müsüriň Şarm-eş-Şeýh şäherinde açyldy, bu barada TASS habar berdi.
Müsür BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň (COP-27) taraplarynyň 27-nji maslahatynyň başlygy hökmünde forumyň geçýän ýeri bolan Afrika yklymyny howa boýunça gepleşikleriň merkezine öwürmek isleýär, şunda ösüp barýan ýurtlaryň meselelerine hem-de zerurlyklaryna aýratyn üns çekilmegi wajypdyr.
Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi COP27 sammitine gatnaşyjylara iberen Gutlag sözünde Şarm-eş-Şeýhde geçýän duşuşygyň ýaşaýyş üçin emele gelen häzirki howpuň öňünde birligi görkezmekde özboluşly mümkinçilikdigini belledi. Ol bu sammitiň bütin dünýäniň hem-de Afrikanyň bähbitleriniň hatyrasyna halkara tagallalarynda wajyp öwrülişik pursady boljakdygyna umyt bildirdi.
Sammit 18-nji noýabra çenli dowam eder. Onda gatnaşyjy ýurtlaryň howa taşlanýan gazlaryň möçberlerini azaltmak boýunça täzelenen maksatnamalaryny hödürlemegine garaşylýar.