Müsürde çöregi 300 göterim gymmatlatmakçy bolýarlar

Müsürde çöregi 300 göterim gymmatlatmakçy bolýarlar

Müsüriň hökümeti 1-nji iýundan başlap, ýurtda esasy iýmit bolan çöregiň bahasyny 300 göterim gymmatladar. Bu barada Müsüriň Hökümet başlygy Mustafa Madbuli habar berdi diýip, MIR 24 ýazýar.

Müsürde çörek önümçiligi döwlet tarapyndan goldanýar. Onuň biriniň bahasy 5 piastra deň, indi tomsuň başyndan ony 20 piastra satyn alyp bolýar.

Hökümet başlygy döwletiň bir çörek öndürmäge çykdajylarynyň 125 piastra deňdigini habar berdi. Ol şeýle-de hökümetiň döwletiň çörek önümçiliginde çekýän ýüküni azaltmak üçin ýollary gözleýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Häzirki wagtda Müsürde döwlet tarapyndan ýeňilleşdirilen nyrhdan ýylda 100 milliard çörek satylýar. Döwletiň bu ugurda goldawyndan 70 million adam, ýagny ilatyň 65 göterime golaýy peýdalanýar diýip, Al-Ahram gazeti ýazýar.

Öň Türkiýe, Bangladeş, Alžir we Pakistan bilen bilelikde, Müsüriň Russiýadan bugdaýy iň köp satyn alýan ýurtlaryň bäşligine girýändigi habar berlipdi.

Ýene degişli makalalar

Müsürde iň uly Gün elektrik bekedi guruldy
Müsürde Ýakyn Gündogardaky iň uly Gün elektrik bekedi açyldy
Gizada Uly Müsür muzeýi açylýar
Prezident Erdogan Müsüre Gitdi
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Hakan Fidan Müsüre Gider
Dünýäniň iň köp ilatly şäherleri