
Müsürüň Prezidenti Abdulfattah as-Sisi we Iordaniýanyň Şasy Abdullah 2-nji Gaza meselesinde eýeleýän pozisiýalaryny ýene-de bir gezek nygtap, hüjümleriň doly bes edilmegi, ýesirleriň boşadylmaga dowam edilmegi we ynsanperwer kyömegine bolan gyssagly zerurlyk hakynda beýannama berdiler.
Liderleriň bilelikdäki beýannamasy, Iordaniýanyň Şasynyň Waşingtonda ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen geçiren duşuşygyndan bir gün soň çap edildi.
Liderleriň ikisem Gaza üçin gyssagly gaýtadan dikeldiş meýilnamasyny goldap, Trampyň palestinalylary ýurtlaryndan çykarmak hakyndaky teklibine garşylyk görkezdiler.