Müsür tiz otlular üçin 2 müň kilometrlik demir ýol gurmakçy

Müsür tiz otlular üçin 2 müň kilometrlik demir ýol gurmakçy

Müsüriň hökümeti we “Siemens” german kompaniýasy ýokary tizlikli demir ýoluň 2 müň kilometrini gurmak barada geleşige gol çekdiler. Bu barada ýurduň “Al-Ahram” gazeti habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Ady tutulan nemes konserni bilen Müsüriň АРЕ milli edarasynyň arasyndaky gol çekişlik dabarasyna Respublikanyň prezidenti Abdel Fattah as-Sisi gatnaşdy.Taslama ýokary tizlikli otlularyň bir bütewi ulgamyny döretmegi maksat edinýär.

Ol üç şahadan ybarat bolup, ilkinjisi Kairden günortalygyna täze edara ediş merkezine çekilýän 660 kilometrlik demir ýol bolup, senagat-logistik zolakdaky Aýna-Sohna portuny hem-de Aleksandriýa, El-Alaýmen we Ortaýer deňzindäki Marsa-Matruh şäherlerini baglanyşdyrar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
13.08.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Demir ýol taslamasyny durmuşa geçirer
Türkiýäniň Prezidenti resmi sapar bilen Müsüre bardy
Türkmenistanyň Prezidenti Müsüriň Prezidentini gutlady
Makron Hindistana Respublikanyň gününe baş myhman hökmünde çagyryldy