
Müsür, Ever Given ýük gämisi sebäpli Sues kanalynyň bir hepde töweregi togtadylmagy üçin 1 milliard dollardan gowrak öwezlik töleg (kompensasiýa) talap edýär. Bu babatda, Sues kanalynyň dolandyryş edarasynyň (administrasiýasynyň) başlygy Usama Rabiýa: Bu ýurduň hukugydyr. Gämini hiç hili zyýansyz halas etdik. - diýip belledi.
1 milliard dollar enjamy, tehnikany we gämini ýalpaklykdan çykarmaklyk üçin 800 sany halas edijiniň çykdajylaryny öz içine alýar.
RIA Nowostiniň habaryna görä, Ever Given gämisiniň eýesi öz gämisiniň Sues kanalynyň petiklenmegine sebäp bolandygy üçin öwezlik tölegini tölemäge razy bolupdyr.
Leth Agencies habaryna görä häzirki wagtda Sues kanalyna nobata durýan gämileriň sany 206 gämä çenli azaldyldy. Kompaniýanyň habaryna görä, kanal açylaly bäri 357 gämi iki ugurdan geçdi.
Şu ýylyň 23-nji martynda Evergreen kompaniýasynyň Ever Given gämisi 3,5 milliard dollarlyk ýüki bilen Sues kanalyna batdy. Bu gämi 29-njy martda halas edildi.