Geçen hepdäniň ahyrynda geçirilen maslahata Müsüriň prezidenti Abdulfettah as-Sisi, Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen we Müsüriň premýer ministri Mustafa Medbuli ýaly ýokary derejeli resmiler gatnaşdylar.
Kairdäki ÝB wekiliýeti tarapyndan berilen beýanatda maslahatyň "Müsür bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda 2024-nji ýylyň mart aýynda syýasy we ykdysady ugurlarda gazanylan strategik we giňişleýik hyzmatdaşlygyň iki möhüm netijeleriniň biridigi" habar berildi.
Müsüriň prezidenti Abdulfettah as-Sisi maslahatda eden çykyşynda ýurdy bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarda ösýändigini beýan etdi.
Sisi mart aýynda taraplaryň arasyndaky gatnaşyklary strategik we giňişleýin hyzmatdaşlyk derejesine ýetirmegi maksat edinýän syýasy deklarasiýa gol çekilendigini ýatlatdy.
Maslahatyň soňky bölüminde çykyş eden Müsüriň premýer ministri Mustafa Medbuli, ÝB bilen umumy hyzmatdaşlygy goldamak üçin konferensiýanyň her ýyl geçirilmegini umyt edýändiklerini mälim etdi.
Müsüriň premýer ministri Mustafa Medbuli ýurduň paýtagty Kair şäherinde geçirilen Müsür-Ýewropa Maýa goýum konferensiýasynda jemi gymmady 67,7 milliard ýewro möçberinde "ýaşyl wodorod, elektrik awtoulaglary, infrastruktura, durnukly transport, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýasy" ýaly ugurlarda 35 ylalaşyk resminamasyna gol goýulandygyny beýan etdi.