Ýaponiýada müňlerçe adam Imperator Naruhitony doglan güni bilen gutlamak üçin köşge geldiler. Olaryň ýanynda polisiýa berk gözegçiligi ýola goýdy diýip, RIA Nowosti habarlar gullugyna salgylanýan MIR 24 ýazýar.
Naruhito üçin bu ilkinji gezek gutlag kabul edişlikdir, sebäbi ýaponlar bäş ýyldan soň ilkinji gezek şeýle mümkinçilige eýe boldular. Imperator öz ýanýoldaşydyr beýleki maşgala agzalary bilen ýygnananlara hoşallyk bildirmek üçin ok geçirmeýän aýna bilen goralan eýwana çykdy.
Bu meniň doglan günüm bilen bagly ilkinji gezek gutlaglary kabul edişimdir, muňa diýseň şat diýip, Imperator belledi.
Öň bu däp koronawirus bilen bagly ýagdaý sebäpli ýatyrylypdy. Bu ýyl ol çäklendirilen görnüşde geçýär, 4800 adam lotereýa oýny arkaly dabara gatnaşmak üçin saýlandy.