Ekseter uniwersiteti bilen Londonyň Zoologiýa guramasy bilelikde barlag işini geçirdi.Olar Bengal aýlagyna taşlanan 500 ml-lik plastmassa çüýşe gaplarynyň birnäçesine GPS ýerleşdirdiler.Netijede, geçirilen barlaglardan soň, şol plastmassa çüýşe gaplarynyň biri müňlerçe kilometrlik ýol geçipdir.
Ganga derýasyna oklanan bu plastmassa çüýşeleriň biri 2 müň 845 kilometr ýol geçipdir.Ol şol aralygy 94 günde geçipdir.Ekseter uniwersitetinden Dr.Emili Dankan bu barada: “Bu synag bize plastmassa gaplarynyň tiz ýol geçýändigini, ummana ýa-da derýa oklanan plastmassalaryň dünýäniň başga bir künjegine aňsatlyk bilen barýandygyny, şol nukdaýnazardan hem plastmassalaryň, hakykatdan hem dünýämiz üçin uly mesele bolup durýandygyny aňladýar” diýip, gürrüň berdi.
The post Müňlerçe kilometr aralygy ýüzüp geçen plastmassa appeared first on Zaman Türkmenistan.